“Aziýa Kubogy – 2027” Halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynyň çäginde 20 ýaşa çenli (U20) ýygyndy toparlaryň gatnaşmagynda Tailand patyşalygynyň Çanburi şäheriniň baş stadionynda 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 31-ne biziň Türkmenistanyň futbolçylary Yrak (U20) döwletiniň futbolçylary bilen duşuşyp 2:1 hasap bilen ýeňiş gazanmagy başardy.
Biziň toparymyzdan duşuşygyň 15-nji minutynda ilkinji goly Ýakupmuhammet Gowşudow, ikinji goly Weýisgeldi Orazdurdyýew geçirmegi başardy.
Ýeri gelende bellesek sentýabr aýynyň 3-ne biziň türgenlerimiz ýer eýeleri bolan Tailand patyşalygynyň türgenleri bilen duşuşar. Sentýabr aýynyň 6-na bolsa türgenlerimiz Birleşen Arap Emirlikleriniň türgenleri bilen duşuşarlar.
