SPORT

Karlo Ançelotti şertnamasyny uzaltdy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary italýan tälimçi Karlo Ançelotti bilen şertnamanyň möhletini uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýtynda habar berilýär.

64 ýaşyndaky tälimçi bilen gazanylan täze şertnamanyň möhleti 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenlidir.

Ançelotti “Real” toparyna ozaly bilen 2013-2015-nji ýyllarda tälim berdi. Soňra 2021-nji ýylda gaýdyp geldi. Ol bu ispan topary bilen Ispaniýanyň çempiony, ýurduň kubogyny 2 gezek we naýbaşy kubogyny bir gezek eýeledi. Şeýle hem 2 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Ançelotti şol bir wagtda tälimçilik karýerasy döwründe Angliýanyň “Çelsi”, Germaniýanyň “Bawariýa”, Italiýanyň “Milan” hem-de Fransiýanyň “PSŽ” toparyna tälim berdi.

Ançelottiniň özüniň ozal belläp geçmegine görä, “Real Madrid” topary onuň karýerasyndaky soňky futbol topary bolar.

Italýan tälimçiniň 2024-nji ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellenjekdigi aýdylypdy.

Related posts

Aziýa Kubogy-2027: Türkmenistan Şri-Lanka bilen duşuşar

Tokio ― 2020-niň soňundan gyzykly statistikalar

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri