DÜNÝÄ

“World Magazine” žurnalynyň täze sany Türkmenistana bagyşlandy

“World Tourism Forum Institute” guramasynyň resmi neşiri bolan “World Magazine” žurnalynyň 18-nji sany Türkmenistana bagyşlanyp neşir edildi.
“Turkmenistan Special” – “Türkmenistan ýörite sany” hökmünde çap edilen žurnalyň 2026-njy ýylyň sentýabr sanynyň baş sahypasynda dünýä belli Ahalteke bedewiniň suraty ýerleşdirilipdir.Žurnalyň daşky sahypasynda:“Turkmenistan 2026: Independent Neutral Turkmenistan, the Homeland of Purposeful Winged Horses”diýen sözler ýerleşdirilýär. Neşiriň maglumatyna görä, ýörite san Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, Ahalteke bedewlerine, Aşgabat şäherine, Orta geçelgä (Middle Corridor), şeýle hem beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan maglumatlary öz içine alýar.
“World Magazine” — halkara syýahatçylyk ulgamynda iş alyp barýan “World Tourism Forum Institute” guramasynyň resmi neşiridir.Žurnalyň Türkmenistana ýörite san bagyşlamagy ýurdumyzyň taryhyny, medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny, Ahalteke bedewleriniň şöhratyny we häzirki Türkmenistanyň halkara jemgyýetçiligine has giňden tanyşdyrylmagyna ýardam berýän ähmiýetli maglumat wakalarynyň biridir.
“World Magazine” žurnalynyň 18-nji sany dolulygyna elektron görnüşde hem okyjylara hödürlenýär.

Related posts

Buharestde atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkiýeden wiza ýeňilligi barada kararnama

Diananyň hatlary satylýar