JEMGYÝET

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryna badalga berildi

Türkmenistanyň Hökümet mejlisinde 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2026-njy ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegi 2026-njy ýylyň 13-nji iýuly — 24-nji awgusty aralygynda guramak, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek bellenildi.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek 2026-njy ýylyň 13 – 26-njy iýuly aralygynda amala aşyryldy.

Şu gün, 2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda bolsa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglaryna badalga berildi. Ir säherden Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen, talyplyga dalaşgär ýaşlaryň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar başlady. Jogapkärli möwsümiň degişli talaplaryna laýyklykda, giriş synaglarynyň ýokary guramaçylykly we adalatly geçirilmegi üçin bilim ojagynda ähli zerur şertler döredildi. Giriş synaglary tassyklanan tertibe laýyklykda, tapgyrlaýyn dowam eder.

Geçen ýyl ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilenler 17 müňe golaýlan bolsa, şu ýylda bu görkeziji 18 müňden geçer, ýagny 1239 dalaşgär köp kabul ediler.
Ýurdumyzyň barha ösýän ykdysady kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça hünärmenleriň zerurlygyny nazara alyp, 2026-2027-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açyldy.
Şu ýyl ilkinji gezek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuw dersleri boýunça giriş synaglaryny döwlet dilinde test görnüşinde geçirmek bellenildi.

Ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerine bolsa ýaşlarymyzyň 11 müňe golaýyny talyplyga kabul etmek meýilleşdirildi.

Related posts

Stambulyň gubernatory Türkmenistanyň Baş konsullygyna bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady