BILIM

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Halkara dilşynaslar topary dünýäniň iň üýtgeşik we iň owadan sözleriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny maori dilindäki «kaitiakitanga» sözi eýeledi. Bu söz adamyň tebigaty goramak we ony geljekki nesiller üçin aýap saklamak jogapkärçiligini aňladýar.

Barlag dil öwrenmek üçin niýetlenen internet platformasy tarapyndan geçirildi. Gözlegiň dowamynda dünýäniň 75 dilinden ýygnalan 223 sözden ybarat sanaw düzüldi. Ilki bilen onlaýn jemgyýetçilik platformalaryndaky pikir alyşmalar seljerildi. Soňra bolsa dilşynaslardan, ýazyjylardan we medeniýet boýunça bilermenlerden ybarat halkara topar ýeňijini saýlady.

Sözlere baha berlende dört esasy ölçeg göz öňünde tutuldy: owazlylygy, manysy, seýrek duş gelmegi we medeni ähmiýeti. Esasan hem beýleki dillerde takyk meňzeşi bolmadyk duýgulary, pikirleri ýa-da gymmatlyklary beýan edýän sözlere aýratyn üns berildi.

Bilermenleriň pikiriçe, «kaitiakitanga» sözi diňe bir owadan ýaňlanmagy bilen däl, eýsem çuň manysy bilen hem tapawutlanýar. Bu düşünje adamyň tebigata jogapkärli çemeleşmegini we daşky gurşawy geljekki nesiller üçin gorap saklamagyny beýan edýär.

Iň owadan on sözüň hataryna grek dilindäki «aura» we «zefir», ýapon dilindäki «ikigai» (durmuşyň maksadyny duýmak) hem-de «kintsugi» (döwlen keramika önümlerini altyn bilen dikeltmek sungaty), ispan dilindäki «ohalá» (umyt) we türk dilindäki «yakamoz» (Aýyň şöhleleriniň suw ýüzündäki kümüşsöw şöhlelenmesi) sözleri hem girdi.

Sanawdaky iň üýtgeşik sözleriň biri hem ýagan halkynyň dilindäki «mamihlapinatapai» boldy. Bu söz iki adamyň biri-birine manyly seredip, hersiniň ilkinji ädimi beýlekiniň etmegine garaşýan ýagdaýyny aňladýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi

Türkmen ýaşlary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandy

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar