BILIM

“Pi” sanyny hasaplamak rekordyny täzelediler

Şweýsariýaly matematikler “pi” sanyň iň takyk aňlatmasyny hasapladylar. “Science Alert” neşiriniň habaryna görä, superkompýuteriň kömegi bilen 62,8 trillion san yzygiderliligini düzüpdirler.

Bu üstünlik dünýä rekordy hökmünde ykrar edildi. Hasaplama 108 gün 9 sagat dowam etdi. Ylmy işi Graubýunden amaly ylymlar uniwersitetinde geçirildi.

Bu üstünligiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegine garaşylýar. Alymlar sanlaryň doly yzygiderliligini aýan etmeýärler. Ýöne olaryň iň soňkusynyň 7817924264 bolandygyny aýdyňlaşdyrýarlar. Öňki hasaplama 50 trillion sana ýetipdi.

“pi” sany tegelegiň daşyndaky diametre bolan gatnaşygydyr, onluk nokatdan soň çäksiz sanlar bar. Ilkinji 10 san 3.141592653.

 

Ine, “Huawei” ÅŸereketiniň täze elektrikli ulagy

Related posts

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov

Robot tehnikasy: Maryda ýaş zehinleriň bäsleşigi jemlendi