BILIM

Sungat mekdebinde “Açyk gapylar” güni

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi 2020—2021-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Balkan welaýatynyň hemişelik ýaşaýjylary bolan ýaşlary 2020-nji ýylyň 16-njy maýynda sagat 10:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýörite sungat mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, medeni-köpçülik işleri, okuw otaglary, talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Balkanabat şäheriniň Ejeke Ataýewa köçesi, 126-njy ýaşaýyş jaý toplumy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 8 (222) 6-77-24, 6-77-25, 6-77-26.

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar