BILIM

Baku dünýäniň iň gowy talyp şäherleriniň TOP-100 sanawyna girdi

Dünýäniň öňdebaryjy reýting guramalarynyň biri bolan “Quacquarelli Symonds” (QS) 2026-njy ýyl üçin “Best Student Cities” («Iň gowy talyp şäherleri») reýtingini çap etdi.

Azerbaýjanyň Ylym we ýokary bilim boýunça döwlet agentliginiň maglumatyna laýyklykda, 150 şäheri öz içine alýan bu reýtingde Baku geçen ýyl bilen deňeşdirilende 22 basgançak ýokary galyp, 95-nji orny eýeledi.

Baku bu orny Aberdin (Beýik Britaniýa), Guançžou (Hytaý) we Ýohannesburg (Günorta Afrika Respublikasy) şäherleri bilen paýlaşýar.

Reýtingiň netijelerine görä, Baku Günorta Kawkaz sebitinde iň ýokary netijäni gazanyp, sebitiň öňdebaryjy talyp şäheri boldy.

Şeýle hem şäher Merkezi Aziýanyň birnäçe iri şäherinden öňe geçdi. Hususan-da, Astana 119-njy, Bişkek 137-nji, Daşkent bolsa 146-njy orny eýeledi.

“QS Best Student Cities” reýtingi şäherleri ýokary bilim almak mümkinçilikleri we talyplar üçin amatly ýaşaýyş şertleri boýunça toplumlaýyn bahalandyrýar.

Reýting düzülende şäherdäki uniwersitetleriň “QS World University Rankings” reýtingindäki görkezijileri, uçurymlaryň iş bilen üpjünçilik mümkinçilikleri, bilimiň elýeterliligi, ýaşaýyş çykdajylary, daşary ýurtly talyplaryň sany, şeýle hem şol şäherde bilim alan talyplaryň pikirleri göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda uniwersitetlere resminamalaryň kabul edilişini internet arkaly yzarlap bolýar

Dünýäniň iň owadan sözi belli boldy

Türkmen ýaşlary Halkara himiýa olimpiadasynda 4 medal gazandy

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar