Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň hünärmeni A.Gutlyýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň režissýory B.Garajaýew, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti A.Pawlow, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň çeper döredijilik bölüminiň suratkeşi D.Allakow 2026-njy ýylyň 13-18-nji iýuly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygy» atly halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine gatnaşdylar.
Bu halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeligine 11 döwletden 30-dan gowrak teatr işgärleri gatnaşdy. Okuw hepdeliginiň dowamynda türkmen teatr işgärlerine Russiýanyň abraýly teatrlarynda zähmet çekýän tejribeli teatr we kino artistleriniň, režissýorlaryň, teatr suratkeşleriniň gatnaşmaklarynda «BRIKS we GDA döwletleriniň teatr kartasy: ösüşiň badalgalary we hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri», «Halkara teatr taslamasy: döredijilik pikirinden – sahna oýnunyň tomaşaça ýetirilmegine çenli», «Döredijilik başlangyçlary – halkara hyzmatdaşlygyň köprüsi», «Ýaşlaryň we medeniýetleriň dialogy: Gündogar we Günbatar teatrlary sungatyň kämillik menzilini nazarlaýar», «Teatr sungaty: öňde durýan wezipeler we geljekki mümkinçilikler», «Halkara teatr hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti hem-de geljegi» ýaly mowzuklardan tejribe alyş hem-de hünär ussatlygy okuwlaryna gatnaşdylar.
Mundan başga-da, ýaş türkmen teatr artistlerine Moskwa şäheriniň Mossowet teatry, Moskwanyň Uly teatry («Московский Большой театр») bilen tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy.
Okuw hepdeliginiň dowamynda ýaş teatr işgärleri Moskwa şäheriniň Mossowet teatrynda «R.R.R.», Moskwanyň Uly teatrynda («Московский Большой театр») «Anna Korenina» atly spektakllaryna tomaşa etdiler. Bu teatrlarda sahnalaşdyrylýan spektakllarda ulanylýan döwrebap sahna we saz bezegleri, waka laýyklykda egin-eşikleri ulanmagyň täzeçil usullary bilen ýakyndan tanyşdylar.
2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda bu halkara okuw hepdeligine gatnaşyjylaryň rus teatr sungatynyň düýbüni tutujylarynyň hem-de režissura sungatynyň görnükli wekilleriniň biri K.Stanislawskiniň öý muzeýine baryp görmekleri hem-de dünýä belli teatr nazaryýetçisiniň teatr sungatyny ösdürmek boýunça ýazan kitaplary, döredijilik mirasy bilen tanyşmaklary ýaşlar üçin örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Mundan başga-da, halkara okuw hepdeliginiň dowamynda türkmenistanly döredijilik wekiliýeti üçin Moskwanyň kitaphanalaryna, muzeýlerine we beýleki medeniýet ojaklaryna tanyşdyrylyş gezelençleri guraldy.
Russiýa Federasiýasynyň teatr işgärleri Birleşiginiň guramagynda geçirilen «Halkara teatr hyzmatdaşlygy» atly halkara hünär kämilleşdiriş okuw hepdeliginiň ahyrky gününde, işjeň gatnaşandygy üçin türkmen teatr işgärlerine Halkara şahadatnamalary gowşuryldy.
