BILIM

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki ýurduň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi maksat edinildi.

Lukmançylyk, energetika, nebitgaz pudagy, binagärlik we gurluşyk, ulag, sanly tehnologiýalar, emeli aň, STEAM-bilim hem-de kiberhowpsuzlyk hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Resmi saparyň çäklerinde bilim ulgamynda şu aşakdaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi:

— Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlar ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.

— Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Wano Saradžişwili adyndaky Tbilisi döwlet konserwatoriýasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen «Iwane Jawahişwili adyndaky Tbilisi döwlet uniwersiteti» jemgyýetçilik hukugynyň ýuridik şahsynyň (Gruziýa) arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;

— Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Gruzin tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

— Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty (Türkmenistan) bilen Batumi döwlet deňiz akademiýasynyň (Gruziýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Gol çekilen resminamalar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny berkitmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, akademik alyşmalary giňeltmäge, şeýle hem bilelikdäki bilim we ylmy taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Gruziýanyň bilim ministrleri Tbiliside duşuşdy

Türkmen okuwçylary Singapurdaky halkara olimpiadada 6 medal gazandylar

Türkmen okuwçylary Bakuda geçirilen «TIMO 2026» halkara olimpiadasyna gatnaşdy

2026-njy ýylda ýokary okuw mekdeplerine 18 müňden gowrak adam talyplyga kabul ediler

Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde emeli aň boýunça täze ugurlar açylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda täze hünärleriň we taýýarlygyň ugurlarynyň jemi 20-si açylýar