FIFA-nyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň finalynda ýekşenbe güni, 19-njy iýulda, Ispaniýanyň we Argentinanyň milli ýygyndylary duşuşar. Oýun ABŞ-nyň Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki “New York New Jersey” (MetLife) stadionynda geçiriler.
Argentina häzirki dünýä çempionydyr. Bu ýygyndy 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazanyp, çempionlyk adyny eýeläpdi.
Ispaniýa bolsa häzirki wagtda Ýewropanyň çempionydyr. Ispan topary 2024-nji ýylda Germaniýada geçirilen UEFA Ýewropa çempionatynyň (Euro-2024) ýeňijisi boldy.
ISPANIÝANYŇ ÇEMPIONATDA GEÇEN ÝOLY
Ispaniýa bu dünýä çempionatyna garaşylmadyk şowsuzlyk bilen başlady — topar Kabo-Werdeniň goragyny geçip bilmän, duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlady. Muňa garamazdan, ispanlar çärýek finala çenli ýekeje-de gol geçirmediler.
Gyzykly tarapy, Ispaniýa pleý-off tapgyrynda diňe Ýewropa toparlary — Awstriýa, Portugaliýa, Belgiýa we Fransiýa bilen duşuşdy. Bu ýaryşda Ispaniýanyň Günorta Amerikanyň ýygyndysy bilen ýeke-täk oýny toparçalaýyn tapgyryň üçünji aýlawynda Urugwaýa garşy geçirildi we 1:0 hasabyndaky ýeňiş bilen tamamlandy.
Ispaniýanyň ýedi duşuşykdan soňky umumy gol tapawudy — 13:1.
ARGENTINANYŇ ÇEMPIONATDA GEÇEN ÝOLY
Argentinanyň finala barýan ýoly kyn we dartgynly boldy. Ýygyndy toparçalaýyn tapgyrdan ynamly geçenden soň, 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň pleý-off duşuşyklarynda iki gezek ýeňijini kesgitlemek üçin goşmaça wagt oýnamaly boldy — Kabo-Werde we Şweýsariýa garşy.
Ýene iki tapgyrda bolsa argentinalylar hasapda yza galandyklaryna garamazdan ýeňiş gazandylar. Müsür bilen geçirilen duşuşykda olar 0:2 hasabynda yza galyp durkalar, oýny 3:2 hasabynda öz peýdalaryna tamamladylar. Şeýle hem ýarym finalda ilkinji goly geçirendiklerine garamazdan Angliýany ýeňmegi başardylar.
Argentina 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyndaky ähli duşuşyklarynda azyndan iki gol geçirdi.
Ýedi oýundan soň toparyň umumy gol tapawudy 19:7 boldy.
ARGENTINA WE ISPANIÝA: FUTBOL MEÝDANÇASYNDA SEÝREK DUŞUŞAN ÝYGYNDYLAR
Ispaniýa bilen Argentina futbol meýdançasynda örän seýrek duşuşýarlar. Bu iki ýygyndynyň resmi ýaryşlardaky ýeke-täk duşuşygy mundan 60 ýyl ozal — 1966-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynda geçirildi. Şol oýunda Günorta Amerikanyň wekili Argentina 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.
Şondan soň toparlar diňe üç sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler. 2009-njy ýylda Ispaniýa 2:1 hasabynda ýeňdi, 2010-njy ýylda Argentina 4:1 hasabynda utdy, 2018-nji ýylda bolsa ispanlar garşydaşyny 6:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňlişe sezewar etdiler.
Futbolyň ady rowaýatyna öwrülen argentinaly ýyldyzy Lionel Messi 2009-njy we 2010-njy ýyllarda Ispaniýa garşy geçirilen duşuşyklarda meýdança çykdy we şol oýunlarda iki gol geçirdi.
TRAMP WE ISPAN PATYŞASY FINAL DUŞUŞYGYNA TOMAŞA EDERLER
Ispaniýanyň Premýer-ministri Pedro Sançes Ispaniýa bilen Argentinanyň arasynda geçiriljek 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň final duşuşygyna gatnaşar.
Sançes oýna patyşa Filip VI, şa aýaly Letisiýa, şa gyzy Leonor we infanta Sofiýa bilen bilelikde gatnaşar.
Şeýle hem final duşuşygyna ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hem gatnaşar. FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantinonyň hem stadionda bolmagyna garaşylýar.
Argentinanyň Prezidenti Hawýer Mileý bolsa final duşuşygyny öz kabulhanasynda tomaşa eder. Ol bu kararyny yrym bilen düşündirdi: Mileý ýaryşyň dowamynda milli ýygyndynyň ähli oýunlaryny Oliwosdaky kabulhanasynda tomaşa etdi we finalyň öňüsyrasynda bu däbi üýtgetmek islemeýär.
FINAL DUŞUŞYGYNYŇ EMINI: SLAWKO WINÇIÇ
46 ýaşly Winçiç 2010-njy ýyldan bäri FIFA-nyň halkara derejeli emini bolup işleýär. Ol 2020-nji we 2024-nji ýyllarda geçirilen UEFA Ýewropa çempionatynyň, şeýle hem 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynyň duşuşyklarynda eminlik etdi.
