Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň arasynda giňeldilen düzümde geçirilen duşuşykdan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarays geçirildi.
Onuň çäklerinde Gruziýanyň medeniýet ministri Tinatin Ruhadze we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa medeni hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler.
«Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe ähtnama gol çekildi. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir bilim edaralarynyň arasynda däl, eýsem teatrlar we muzeýleriň arasynda hem ösdüriler. Bu bolsa medeni alyş-çalyş üçin örän giň mümkinçilikleri döreder. Häzirki wagtda geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günleri bu hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Rustaweli adyndaky Milli teatr tomaşaçylar bilen doly boldy, medeniýet günleri bolsa dowam edýär. Bu iki halkyň baý medeni mirasyny tanyşdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir», — diýip, Tinatin Ruhadze belledi.
Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynda geçirilen resmi resminamalar alyşmak dabarasyna Gruziýanyň Premýer-ministri, Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem iki ýurduň hökümet agzalary we resmi wekiliýetleri gatnaşdylar.
