Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün sizde öňe gitmäge bolan höwes ýokary bolar, ýöne ýyldyzlar energiýaňyzy gönümel däl-de, çeýe ulanmagyňyzy maslahat berýär. Iş ýeriňizde duýgulara erk berip, derrew hereket etmäň ilki ýagdaýy seljeriň. Siziň bu günki üstünligiňiz, garşydaşlaryňyzdan bir ädim öňde bolup, “oýuny” öňünden duýmagyňyza baglydyr. Sabyr bu gün siziň iň güýçli hyzmatdaşyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Töweregiňizdäki wakalaryň çaltlygy sizi biynjalyk edip biler ýöne siz özüňizide haýal ýöne dogry depginňizi saklaň. Maliýe meselelerinde çeýe kararlardan gaça duruň. Häzirki wagtda ähli zady kontrollykda saklamak islegiňiz sizi gorar ýöne käwagt kontrollygy başgalara bermek hem ösüşe itergi berip biler.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Siziň söz baýlygyňyz we adamlary özüňize çekmek ukybyňyz bu gün iş ýerinde sizi liderlige çykarar. Ýöne mesele köp geplemekde däl, eýsem dogry diňlemekdedir. Aktiw diňleýji bolup, garaşylmadyk hyzmatdaşlyklaryň gapysyny açyň. Siziň üçin bu gün gysga we manysy çuň söhbetdeşlikler güni bolar.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Siziň duýgurlygyňyz bu gün başgalaryň duýgularyny okap bilmek ukybyňyzdyr, ýöne muny öz energiýaňyzy sarp edýän “gural” däl-de, özüňizi goraýan “galkan” hökmünde ulanyň. Başgalaryň kynçylyklaryny özüňize ýakyn almazdan olara syýasatçy ýaly çemeleşiň. Öz içki dünýäňizdäki parahatçylygyňyzy bozmagyňyz üçin hiç kime rugsat bermäň.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Öňe gitmek täze belentlikleri eýelemek üçin bu gün size örän amatly şertler dörär. Siziň liderlik ukybyňyz töweregiňizdäkilere täsir galdyrar we meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge ýardam berer. Kynçylyklardan gorkman, batyrgaý çözgütleri kabul ediň. Özüňize bolan ynamyňyzyň ýokary bolmagy üstünligiň açarydyr.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Düzgün-tertibi we takyklygy halaýan Sünbüleler üçin bu gün ýokary netijeli bolar. Işleriňizi dogry bölüp olary yzygiderli ýerine ýetiriň. Saglygyňyza we iýmitiňize aýratyn üns beriň. Şahsy durmuşyňyzda durnuklylygy saklamak üçin açyk söhbetdeşlikleri saýlaň. Emosional durnuklylyk bu gün siziň üstünligiňiz bolar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Siz bu gün iki dürli pikiriň arasyndaky köpri bolarsyňyz. Siziň adalatly garaýşyňyz dawalary çözmekde uly ýardamçyňyz bolar. Hyzmatdaşlyklarda bähbitleri we deňagramly saklaň. Ýadyňyzda saklaň: hemmelere ýaramak däl-de, hemmeler üçin dogry ýoly tapmak siziň bu günki baş wezipäňizdir.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Täze başlangyçlara girişmek üçin gowy gün, ýöne ähli ädimiňizi öňünden oýlanyp ädim ätmegiňizi maslahat berýärin. Gizlin galan maglumatlar ýa-da garaşylmadyk pursatlar siziň peýdaňyza çözülip biler. Iş ýerinde özüňizi ösdürmek üçin täze taslamalaryň üstünde işläň.Siziň strategiki pikirlenmek ukybyňyz üstünligi üpjün eder.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Size gündelik ownuk-uşak işler däl-de, uly göwrümli meýilnamalar bilen meşgullanmak gerek. Iş ýeriňizde dörän kynçylyklary ýokardan seredip, olaryň çözgüdini taparsyňyz. Syýahat etmek, täze bilim almak ýa-da daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin iň amatly gün.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Siziň zähmetkeşligiňiz bu gün üstünlige öwrülýär. Wagtyňyzy we seresaplylygyňyzy gaty tertipli ulanýarsyňyz. Bu günki gazananlaryňyz çalt däl, ýöne örän berk bolar. Geljege gönükdirilen maýa goýumlary ýa-da uzak möhletli taslamalar üçin bu gün gowy pursat dörär.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Adaty bolmadyk çözgütler we täze pikirlere ýykgyn etmek sizi üstünlige alyp barar. Iş ýerinde täze tehnologiýalary ulanmak ýa-da iş prosesini döwrebaplaşdyrmak üçin amatly gün. Dostlaryňyz we kärdeşleriňiz bilen hyzmatdaşlykda döredijilikli çemeleşiň. Günüň ikinji ýarymynda geljege gönükdirilen pikirleriňize üns beriň.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Içki sesiňize gulak asmak we özüňizi köşeşdirmek üçin amatly pursat. Düşünjeliligiňiz we duýgurlygyňyz başgalar bilen gatnaşyklarda size kömek eder. Iş ýerinde kynçylyklar ýüze çyksa, sabyrly boluň. Günüň dowamynda özüňizi ruhy taýdan baýlaşdyrmaga çalşyň. Söýgi we mähirli gatnaşyklar siziň rahatlygyňyz bolar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
