SIZDEN GELENLER

Bagşa tagzymly ömür

Türkmen bagşysy bolmak belent mertebe. Halkyň söýgüsi, ýene-de aýry-aýry aýdym-saz muşdaklarynyň sarpa-sylagy bagşyny has-da beýgeldýär. Bagşylara  on iki süňňi bilen berlen, bütin ömrüni olara hyzmatda geçirenleriň biri-de Şamyrat Rejebowdyr. Ş.Rejebow 1955-nji ýylyň 23-nji maýynda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häzirki Bitarap Türkmenistan geňeşliginde dünýä inýär. 1981-nji ýylda M.Görkiý adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, öz obasyndaky 33-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işe başlaýar. 1991-nji ýylda bolsa, ol mekdep müdirligine bellenilip, şol wezipede ömrüniň ahyryna çenli — 2016-njy ýyla çenli işleýär.

Şu döwür içinde onuň welaýatyň dessançy bagşylaryna goýan sarpasyny dag beýikliginde-de, asman belentliginde-de ölçäp bolmasa gerek. Dogrusy, Şamyrat Rejebow bütin ömrüni mekdep, bilim, terbiýe işi bilen birlikde, barypýatan sungat janköýerligine hem bagyş etdi. Munuň hem öz sebäbi bar. Şamyrat mugallym bu hakda bir gezek şeýle diýdi:

— Maňa bu häsiýet çagalygymda daýymdan geçdi. Daýym Jolly Nepesow bagşylaryň ýanynda oturyp, çaý guýup berýärdi, aýdym arasynda olaryň «berekellasyny» ýetirýärdi. Şeýle adamlara bolsa il içinde: «göýende» diýilýär. Daýymyň adyny hem obamyzda Jolly göýende diýip tutýardylar.

Şundan çen tutsaň, Şamyrat mugallymyň daýysyna eýerendigi mese-mälim. Ýöne onuň Jolly daýysyndan tapawutly tarapy-da bardy. Käte dessançy bagşynyň ýanynda oturanda, onuň sözlerini, aýdym aýdyşyny yzarlap, öz belliklerini-de aýdýardy. Sebäbi dessandaky ençeme aýdymlary, kyssaýy sözleri ýatdan bilýärdi. Hatda aýdymlaryň sazynyň owaz aýratynlyklaryny-da duýmagy başaryp, olary saz äheňinde gaýtalaýardy. Bagşylar göýendäniň belliklerini ýylgyryp, ýüregi bilen kabul edýärdiler. Belli bagşy Ilaman Annaýew bu hakda: «Bagşy göýendäni diňleýärem, hormatlaýaram, çünki bagşy kän, göýende bolsa örän az ahyryn» diýerdi.

«Dana sözüň dana diňleýjisi gerek» diýlişi ýaly, Ş.Rejebow welaýatyň ussat bagşylary barada maglumatlary hem-de olaryň sungatyna, ömür-döredijiligine bagyşlanan kitaplary ürç edip okaýardy hem-de edil mirasgär ýaly ýygnaýardy. Bagşy-sazandalara bagyşlanan kitaplary dükanlardan ýörite satyn alyp, olary öýüne çagyryp, sowgat berýärdi. Geň zat, Ş.Rejebowyň iş otagynyň ýarysyny bagşy-sazandalara bagyşlanan tekjeler tutýardy. Onuň öýüniň bir diwarynyň ýüzi ýörite bagşylara bagyşlanan kitaplardyr maglumatlardan, kasseta ýazgylaryndan üst-üstüne goýlup, münder bolup durdy. Onuň bir edehädi bardy: belli bagşylar Magtymguly Garlyýewe, Ilaman Annaýewe, Baýar Baýramowa, şeýle hem aýdymyň piri Aşyk Aýdyň pire bagyşlanan kitaplardan her gün jümle baryny okardy. Şonda onuň göwni gül-gül açylyp, ýüzi has-da nurlanýardy.

Ş.Rejebow toýda kethudalyk edensoň, bagşylary ýörite diňlemäge wagty ýokdy. Şonuň üçinem ol toýdan soň bagşylary öýüne çagyryp, olary ýörite diňleýärdi, olary hezzetläp, hormatlap, serpaýlap ugradýardy. Dogrusyny aýtsak, bagşy-sazandalar obadaky toý-märekä gelenlerinde, ilki bilen Şamyrat mugallymyň öýünde düşläp, duz-tagam dadyp, soňra toýhana barýardylar. Bu bolsa bagşylar tarapyndan göýendä goýulýan uly hormatdy, belent sarpady. Bu tüýs «Sylasaň, sylanarsyň» diýlenidi. Ol muňa: «Bagşy hormatlamagyň däbi» diýip düşünýärdi.

Göýendäniň öýüne Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Jumamyrat Hamyýew, Durdybaý Gurbanow, şeýle hem Bazar Gurbandurdyýew, Berdibaý Berdiýew dagy kän gelerdi. Ş.Rejebow ýaş bagşylary hem öýüne çagyryp, diňlemegi gowy görerdi. Olara guwanyp: «Bular biziň geljekki bilbillerimiz» diýerdi. Öýüne kärdeşlerini çagyryp, şüweleň edende, «Size bagşy diňletjek» diýip, kakam Berdibaý Berdiýewi çagyryp, «Görogly» şadessanynyň «Harmandäli» şahasyndan aýtdyrardy. Menem gyjakda sazandarlyk edýärdim. Göýendäniň haýyşy bilen onuň dogan toýlaryna, obadaşlarynyň toýlaryna Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow dagy ýygy-ýygydan gelerdiler.

Ine, şeýle seýrek göýendeleriň biri bolup dünýäden öten Şamyrat Rejebowyň bagşy-sazandalary mahabatlandyryp, mertebeli köňül tagtynda ýaşadandygy aýdym-saz sungatymyzyň kämillige sary rowaç menzillerinde özüni görkezendigi mälim hakykat. Göý, il içinde şeýle sungat muşdaklarynyň sany köp bolsun!

Akmyrat REJEBOW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby, dessançy bagşy.

Ýene-de okaň

Ekologiýanyň goragy-ýaşaýşyň abadançylygy

Ata Watan Eserleri

Ýaş hünärmeniň ylham we tejribe mekdebi

Ata Watan Eserleri

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Ylym we bilim arkaly beýik geljege tarap

Aşgabat-arzuwlaryň ak şäheri

Türkmenistan-syýahatçylygyň mekany

Ata Watan Eserleri