SPORT

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Ýaponiýanyň ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyrynyň oýnunda Tunisiň toparyny 4:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Meksikanyň Monterreý şäherinde geçirildi.
Gollary Daýiti Kamada (4-nji minut), Aýase Ueda (31, 83) we Dzunýa Ito (69) geçirdiler.

Bu duşuşyk dünýä çempionatlarynyň taryhynda 1000-nji duşuşyk boldy. Tunisiň ýygyndysy Erwe Renaryň ýolbaşçylygynda ilkinji gezek oýnady. Ýaryşyň ilkinji oýnunda şwedlerden asgyn gelenden soň (1:5), Sabri Lýmuşi wezipesinden boşadylypdy.

Ýaponlar 4 utuk toplap, F toparynda 2-nji orny eýeleýärler. Birinji orunda Niderlandlaryň topary (4 utuk) ýerleşýär, şwedler bolsa üçünji orunda (3 utuk) barýarlar. Tunisiň ýygyndysy bir utuk hem toplap bilmedi we pleý-offa çykmak mümkinçiligini ýitirdi.

Jemleýji tapgyrda ýaponlar şwedler bilen duşuşarlar, Tunisiň ýygyndysy bolsa Niderlandlaryň topary bilen oýnar. Duşuşyklar 26-njy iýuna geçilýän gije bolar.

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän dünýä çempionaty 19-njy iýulda tamamlanar. Ýaryşa ilkinji gezek 48 topar gatnaşýar. Olar 12 toparça bölünendir. Her toparçanyň iň güýçli iki topary, şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy sekiz ýygyndy 1/16 finala çykar.

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri

Gaiti – dünýä çempionaty bilen hoşlanan ilkinji ýygyndy