Şu gün — 3-nji iýunda, asylly däbe görä, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenip geçildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagy bu şanly senäniň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen welosipedli ýörişe gatnaşmak üçin säher bilen bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýol ugrunda ýaňlanan aýdym-sazlar, ýerine ýetirilen sport maşklary ýörişe gatnaşanlaryň ruhuny has-da belende göterdi.

Ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilýär. Ol Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde esaslandyryldy. Onuň Kararnamasynyň awtordaşlary hökmünde 56 döwlet çykyş etdi.
Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň teklipleriniň BMG tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygynyň we ýurdumyzda sporty ösdürmek, ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmak ugrunda gazanylýan üstünlikleriň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
