JEMGYÝET

OPEC: Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar

Paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly halkara maslahaty geçirilýär.

Onuň işine ilkinji gezek Nebiti ekport ediji ýurtlaryň guramasynyň (OPEC) baş sekretary Mohammed Sanusi Barkindo gatnaşdy.

OPEK guramasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara forumyň dünýäniň nebitgaz pudagyndaky öňdebaryjy forumlaryň biri bolup durýandygyny belläp, bu gezekki forumyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmeginiň aýrtyn ähmiýete eýe bolandygyny belledi.

Foruma wideoýüzlenem bilen gatnaşan OPEC guramasynyň ýolbaşçysy Mohammed Sanusi Barkindo özara gyzyklanma bildirýän birnäçe ugurda we ilkinji nobatda halkara nebit bazarynda durnuklylygy üpjün etmek meselesinde Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge taýýardygyny belledi.

Barkindo, OPEC bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan bäri geçne döwürde ykdysadyýetiniň çalt ösmegi netijesinde ýokary netijelere ýetendigini belläp, bu ösüşde nebitgaz pudagynyň ornunyň uludygyny mälim etdi.

OPEC-iň Baş sekretarynyň belläp geçişi ýaly, energiýanyň geljegi baradaky çaklamalara görä, nebit energiýa deňagramlylygyndaky esasy ornuny saklar we 2045-nji ýyla çenli dünýäniň energiýa zerurlyklarynyň 28% -ini üpjün etmegi dowam etdirmegine garaşylýar.

Çaklamalara görä, 2045-nji ýylda dünýäde nebite bolan gündelik isleg 108,2 million barrele deň bolar. 20220-nji ýylda bu görkeziji 90,6 million barrele deňdir. Şeýle hem 2020-2045-nji ýyllarda tebigy gaza bolan isleg hem gündelik nebit ekwiwalentinde 21,6 million barrele çenli ýokarlanar.

Bu hem 2045-nji ýylda tebigy gaza bolan isleg bir günde nebit ekwiwalentinde 85,7 million barrele deň bolar.

 

AÅŸgabatda halkara nebitgaz forumy baÅŸlady

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler