JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Hatyra gününde türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen ýatlaýarlar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Mundan 70 ýyldan gowrak ozal halkymyzyň taryhynda iň pajygaly wakalaryň biri bolup geçdi. Şol tebigy betbagtçylyk henizem her bir türkmenistanlynyň kalbynda hasrat bilen ýatlanylýar.

1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde, 1 sagat 12 minutda elhenç tebigy betbagtçylyk — ýertitreme bir pursatda milliardlarça tonna topragy süýşürip, paýtagtymyzy weýran etdi. Elhenç hasrat adamlaryň ykbalyna rehimsizlik bilen darap, aşgabatlylaryň müňlerçesiniň pida bolmagyna getirdi. Diri galanlaryň köpüsi öz ýakynlaryny ýitirdiler.

Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynda halkymyzyň hem-de Watanymyzyň öňünde bitiren gahrymançylygy bilen taryhda öçmejek yz goýan, geljek nesilleriň bagtyýar durmuşy we eziz Diýarymyzyň asudalygy üçin şirin janyndan geçen meşhur şahsyýetleriň keşbini suratlandyrýan diwar şekillerini synlady. Şeýlelikde, halk gahrymanlaryny hormatlamak ýörelgeleri täze döwre laýyklykda ösdürilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministrini gutlady

Ýene-de okaň

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär

Türkmenistanda täze talyp haklary giriziler