SPORT

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

Aziýa Futbol Konfederasiýasy (AFC) tarapyndan ýakynda girizilen taryhy özgertmeler sebäpli, bu çempionat diňe bir final tapgyry däl, eýsem saýlama oýunlary taýdan hem ozalkylardan düýbünden tapawutlanýar.

Türkmenistan bu ýaryşda “F” toparçasynda Yrak, Tailand we BAE bilen duşuşar.

Final tapgyrynyň senesi: 2027-nji ýylyň 24-nji marty – 10-njy apreli aralygy.

Meýdan eýesi: Hytaý (Esasy oýunlar Hangžou şäherinde meýilleşdirilýär).

Gatnaşyjylar: 16 sany iň güýçli ýygyndy (Hytaý meýdan eýesi hökmünde göni gatnaşýar, galan 15 topar saýlama tapgyryndan geler).

Möhüm baýrak (FIFA Dünýä Çempionaty): Ýaryşda ilkinji 4 orny eýelän ( ýagny ýarym finala çykan) toparlar 2027-nji ýylda Özbegistanda we Azerbaýjanda bilelikde geçiriljek FIFA U20 Dünýä Çempionatyna göni ýollanma alarlar.

Ýene-de okaň

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew WBC Eurasia çempiony boldy

Messi 6-njy gezek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

Gurban Berdiýew “Spartak” toparyna tälimçi bolmandygyna ökünýär

“Kristal Pelas” UEFA-nyň Konferensiýa ligasynyň kubogyny gazandy

Guwançmuhammet Öwekow CAFA-nyň wise-prezidentligine saýlandy