JEMGYÝET

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy maýynda häzirki wagtda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine başlyklyk edýän Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow «BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini berjaý etmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi ornuna esaslanýan halkara ulgamy berkitmek» atly ýokary derejeli açyk pikir alyşmalaryna gatnaşdy.

Türkmenistanyň adyndan çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň parahatçylygy, ynanyşmagy we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmäge, şeýle hem halkara gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň ornuny berkitmäge gönükdirilen daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirýändigini belledi.

Daşary işler ministri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren halkara başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berdi.

Hususan-da, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň özara baglanyşygyna esaslanýan «Ösüş arkaly parahatçylyk» başlangyjy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde ählumumy ähmiýetli iri halkara çäreleri geçirýändigi nygtaldy. Şeýle çäreleriň biri hökmünde geçen ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC-3) dowamynda howpsuzlyk, durnukly ulag we energetika, howanyň üýtgemegi hem-de beýleki möhüm ugurlar boýunça giň gerimli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ministr maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen Awaza syýasy Jarnamasyny hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin onýyllyk Hereketleriň Awaza maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge çagyrdy.

Şeýle hem, durnukly we gapma-garşylyksyz ösüşiň esasy hökmünde güýç ulanmakdan ýüz öwrüp, gepleşikleri ileri tutýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» başlangyjyna aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň döwletleriň arasynda ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerini ilerletmegi dowam etdirýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edendigi bellenildi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça parahatçylygy ilerletmek, ynanyşmak we öňüni alyş diplomatiýasy ugurlarynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Ministr öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak hem-de 2028-nji ýyly BMG-niň çäklerinde “Halkara hukugy ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň möhümdigini hem aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine esaslanyp, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara tagallalara işjeň gatnaşmaga taýýardygy tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri baýram namazyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň adyndan çykyş etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Ýaşulular geňeşinde Arkadag şäherine wekilçilk eder

Türkmenistanda Gurban baýramy bellenýär

Ata Watan Eserleri

Ýaşulular geňeşi hossarsyz gyzjagaza Arkadag gyzy Gurbangül diýip at dakdy