Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu gün siz köplenç başgalaryň işlerine goşulmaga mejbur bolarsyňyz we bu ýagdaý sizden köp güýç talap eder. Kimdir biri sizden maslahat ýa-da kömek sorasa, siz ondan ýüz öwürmek islemezsiňiz. Emma kä ýagdaýlarda goldaw bermäge synanyşanyňyzda minnetdarlygyň ýerine tankyt eşitmegiňiz hem mümkin. Şeýle pursatlarda içki duýgyňyza gulak asyň. Ol size kimiň hakykatdanam kömege mätäçdigini kimiň bolsa öz ýoluny özi tapmalydygyny duýdurar.Şahsy işleriňiz bolsa üstünlikli dowam eder. Esasan hem döredijilikli pikirlenmegi talap edýän meselelerde üstünlik gazanarsyňyz. Işewür gatnaşyklar hem bu gün üstünlikli bolar. Günüň ikinji ýarymynda söýgüli adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz hasda ýakymly geçer. Siz howlukman geljek baradaky meýilnamalary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Ozal düşünişmezlige sebäp bolan meseleleri hem bu gün asuda ýagdaýda çözmek mümkin bolar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Bu günüňizi öň size kyn we çylşyrymly bolup görünýän işleriňiz bilen başlaň. Ýyldyzlaryň goldawy netijesinde siz ähli zada tiz düşünersiňiz we hemmäniň göwnünden turjak çözgütleri taparsyňyz. Käbir Sowurlar tejribeli kärdeşleriniň hem başaryp bilmedik meselelerini üstünlikli çözüp bilerler. Amaly pikirlenmek ynamlylyk we tutanýerlilik talap edilýän ýerlerde aýratyn tapawutlanarsyňyz.Emma
meýilnamalaryňyzy üýtgetmeli bolmagyňyz hem mümkin. Täze iş ýa-da uzak möhletli hyzmatdaşlyk baradaky teklipler hem gelip biler. Jogaby dessine bermek hökman däl emma içki duýgyňyz dogry karara tiz gelmäge kömek eder.Şahsy gatnaşyklarda hem oňyn özgerişler bolup biler. Söýgüli adamyňyzyň üns bermegi aladasy ýa-da möhüm pikirleriňizi goldamagy sizi begendirer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Bu gün iş üçin örän amatly bolar. Siz köp möhüm meseleleriň hötdesinden üstünlikli gelip bilersiňiz. Çylşyrymly ýagdaýlara beýlekilerden tiz düşünersiňiz we başgalaryň ýokary baha berjek çözgütlerini hödürläp bilersiňiz. Esasan hem maglumatlary seljermek jikme-jiklikleri görmek we dürli çeşmelerden gelen maglumatlary deňeşdirip netije çykarmak talap edilýän işlerde üstünlik gazanarsyňyz.
Işewür gatnaşyklar hem üstünlikli bolar. Köp Jöwzalar öz orunlaryny berkitmek täsirli adamlaryň goldawyny almak ýa-da pikirlerini durmuşa geçirmäge kömek edip biljek adamlar bilen paýlaşmak mümkinçiligine eýe bolar. Pikirleriňizi ynamly we asuda görnüşde beýan etmek möhümdir.Şahsy gatnaşyklarda hem ýagdaý erbet bolmaz, emma käbir düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Esasan hem pul, emläk ýa-da umumy çykdajylar bilen bagly meselelerde jedeller bolmagy mümkin. Şeýle ýagdaýlarda sabyrly, mylakatly we paýhasly bolmak gatnaşyklaryňyzy gorap saklamaga kömek eder.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu gün uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik dörär. Döredijilikli çemeleşme beýlekiler üçin kyn bolan meseleleriň hötdesinden gelmäge kömek eder. Gün iş okuw resminamalary taýýarlamak we adaty bolmadyk çözgütleri talap edýän işler üçin amatly bolar. Siz diňe görkezmelere eýermek bilen çäklenmän ýagdaýy giňden seljerersiňiz we nädip gowulandyrmalydygyny tiz düşünersiňiz.Maliýe meselelerinde örän amaly pikirlenersiňiz we bu ýagdaý boş umytlardan hem-de ýakymsyz ýitgilerden gorar. Pul bilen bagly gowy habarlar ýa-da garaşylan tölegleriň gelmegi mümkin. Günüň ikinji ýarymynda syýahatlar hem üstünlikli geçer. Hatda uly umyt bilen gitmedik ýeriňizden hem gowy netijeler alyp bilersiňiz. Şeýle saparlar sizi ýadatmaz we garaşan netijäňizi berer.Şahsy gatnaşyklarda çynlakaý meseleler ýüze çykmaz. Söýgüli adamlaryňyz bilen söhbetdeşlik keýpiňizi göterer, romantik pursatlar we ýakymly sowgatlar hem bolup biler.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Duýgularyňyzy dolandyrmak ukyby bu gün size örän gerek bolar. Käbir ýagdaýlar alada ýa-da tolgunyşyk döredip biler, emma asudalygy saklamagyňyz gereksiz howsalalaryň öňüni alar. Bu gün sizi näçe howlukdyrsalar-da ýagdaýy oýlanyşykly seljerip, dogry netijä gelmek üçin wagtyňyz köp bolar.Şeýle hem
uzak wagt bäri yza goýup gelen işleriňiz ünsüňizi talap edip biler. Olara başgaça garaýyş bilen çemeleşmäge synanyşyň, şonda siz artykmaç güýç sarp etmän öňe gitmegiň ýoluny taparsyňyz. Köne tanyşlaryňyzdan biri peýdaly maslahaty ýa-da kömek hödürläp biler.Agşam dynç alyş çärelerine gatnaşjak Esetlere ýakymly tanyşlyklar garaşýar. Romantik gatnaşyklaryň başlanmagy hem mümkin we bu gatnaşyk tiz wagtda çynlakaý duýgulara öwrülip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu gün emläk, iş ýa-da biznes bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin örän amatly bolar. Siz hatda täze tanyşan adamlaryňyz bilen hem tiz düşünişmegiň ýoluny taparsyňyz. Bu bolsa başga wagt köp jedel döredip biljek meseleleri ýeňil çözmäge mümkinçilik berer.Garaşylmadyk ýagdaýda täze mümkinçilikler peýda bolup biler. Olar size hünär taýdan ösüş ýa-da gowy girdeji wada berer. Emma dessine karar bermäge howlukmaň. Ähli maglumatlary anyklap dürli wariantlary deňeşdiriň. Kä ýagdaýlarda wagtlaýyn islegler bilen uzak möhletli bähbitleriň arasynda saýlaw etmeli bolarsyňyz. Şeýle pursatlarda paýhaslylygyňyz size kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda maglumatlara ünsli çemeleşiň. Her eşiden zadyňyza dessine ynanmaň
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Bu gün sizi garaşylmadyk ýagdaýlar geň galdyryp biler. Käbir wakalar meýilnamalaryňyzy üýtgetse-de, bu erbet tarapa bolmaz. Kä duşuşyklary yza süýşürmeli ýa-da haýsy işi ilkinji ýerine ýetirmelidigini tiz çözmeli bolarsyňyz. Eger öňki meýilnamaňyza berk ýapyşmasaňyz, täze we has amatly tertibi tiz taparsyňyz.
Ýaranlaryňyzdan biri garaşan goldawyňyzy bermän biler emma bu kömegiň düýbünden bolmajakdygyny aňlatmaýar. Goldawy diňe biraz soňrak taparsyňyz. Şeýle ýagdaý täze adamlar bilen tanyşmaga we geljekde durmuşyňyzda möhüm orun eýelejek adamlar bilen ýakynlaşmaga mümkinçilik döredip biler.
Bu gün iş ýa-da okuw üçin zerur zatlary satyn almak üçin amatly bolar. Şeýle hem gündelik işleri ýeňilleşdirjek öý goşlary üstünlikli saýlanyp alnyp bilner. Günüň ikinji ýarymynda garaşylmadyk pul girdejileri ýa-da çykdajylary dogry meýilleşdirmäge kömek etjek habarlar gelip biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Günüň ilkinji ýarymynda aragatnaşykda örän saýlawly boluň. Siz dürli adamlardan köp gyzykly maglumat eşidersiňiz, emma olaryň hemmesine dessine ynanmak dogry bolmaz. Käbir teklipler ýa-da wadalar örän ynandyryjy görünse-de, olaryň hakykatdanam ýerine ýetirilip bilinjekdigini barlap görmek möhümdir.Şeýle hem ozaldan meýilleşdiren batyrgaý maksatlaryňyzy amala aşyrmaga mümkinçilik dörär. Emma munuň üçin zähmet çekmeli bolarsyňyz, emma aşa kynçylyk ýüze çykmaz. Köp Akraplara öňki tejribeleri peýda berer. Günüň ikinji ýarymynda oňyn duýgular has güýçli täsir eder esasan hem şahsy gatnaşyklarda. Ýakynlaryňyzdan gowy habar eşitmegiňiz ýa-da hemmäni begendirjek maglumatlary almagyňyz mümkin.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Näme ýagdaý ýüze çyksa-da, bu gün sowukganlylygyňyzy saklamaga çalşyň. Hut şol häsiýet size kyn meseleleriň hötdesinden gelmäge we oňaýsyz ýagdaýlardan çykmaga kömek eder. Daş-töweregiňizdäki adamlar sizden öňküsinden has köp kömek sorap bilerler käbirleri bolsa öz ýalňyşlaryny hem düzetmegiňizi garaşarlar. Şeýle ýagdaýlarda mümkinçilikleriňizi dogry kesgitläň we öz işleriňize zyýan ýetirjek derejede artykmaç jogapkärçilik almaň.Bu gün ýerine ýetirmeli boljak işleriňiziň hemmesi göwnüňizden turmaz. Käbirleri örän içgysgynç bolup biler. Şeýle-de bolsa, eden zähmetiňiziň anyk netijesini görüp biljekdigiňiz size güýç berer. Köp Kowuslar özlerini iň gowy tarapdan görkezip bilerler we bu ýolbaşçylaryň hem-de işewür hyzmatdaşlaryň ünsünden düşmez. Şeýle ýagdaý geljekdäki karýera ösüşiniň ilkinji ädimi bolup biler.Maliýe meselelerinde howlukmaň. Satyn alyşlary söwdalary ýa-da uly çykdajylary ähli şertleri doly öwrenýänçäňiz biraz yza goýsaňyz gowy bolar. Gowy ýaly görünýän teklipleriň jikme-jikliklerini barlap görüň sebäbi sizi ýalňyşdyrmaga synanyşýan adamlar bolup biler.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Bu gün aýgytly hereket ediň.Ozal örän uly bolup görünýän meýilnamalara täzeden dolanyp, olary kem-kemden durmuşa geçirip başlap bilersiňiz. Ähli zady bir wagtda ýerine ýetirmek hökman däl esasy ugruňyzy kesgitläp ilkinji ädimleri ätmegiňiz ýeterlik bolar.Mylakatlylyk, sabyrlylyk we takyk çemeleşme işde-de, öýde-de düşünişmezlikleriň öňüni almaga kömek eder. Aragatnaşyk babatda bu gün ýeňil bolmaz. Käbir adamlar pikirleriňize dessine düşünmezler ýa-da başga ýol hödürläp bilerler. Emma siz asuda ýagdaýda öz garaýşyňyzy düşündirseňiz.Günüň ikinji ýarymynda täze hyzmatdaşlygyň ýa-da geljekde peýda getirjek söwdalaryň başlangyjy bolup biler.Şahsy gatnaşyklarda sazlaşyk höküm sürer, eger siz ähli zady gözegçilikde saklamaga synanyşmasaňyz.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Ýagdaýlar bu gün siziň peýdaňyza çözüler, aýratyn-da möhüm ädimleri yza goýman batyrgaý hereket etseňiz. Uzak wagt bäri köp güýç sarp eden işleriňizi üstünlikli tamamlap bilersiňiz. Ahyrynda ähli zähmetiňiziň näme üçin gerek bolandygyny aýdyň görersiňiz. Käbir Daluwlar ilkinji netijeleri görerler beýlekiler bolsa gowy habar ýa-da täsirli adamlaryň goldawyny alarlar.Garaşylmadyk syýahatlar hem bolup biler. Şeýle saparlar ýakymly we peýdaly geçer, täze adamlar bilen tanyşmaga ýa-da işde we okuwda peýda berjek maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik döredip biler. Tejribeli adamlar bilen söhbetdeşlik täze pikirleri döredip haýsy başarnyklary ösdürmelidigine düşünmäge kömek eder.
Maliýe taýdan hem gün üstünlikli bolar. Has tutanýerli Daluwlar girdejilerini artdyrmak, peýdaly şertnamalar baglaşmak ýa-da işde öz orunlaryny berkitmek mümkinçiligini alarlar.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Günüň ilkinji ýarymy size gowy pikirleri, ýakymly habarlary ýa-da çynlakaý oýlanmaga mejbur etjek teklipleri getirer. Jogap bermäge howlukmaň. Ähli oňaýly we oňaýsyz taraplary asuda ýagdaýda seljeriň. Şeýle çemeleşme size diňe maglumat ýygnamaly ýer bilen eýýäm hereket etmeli pursady tapawutlandyrmaga kömek eder.Günüň ikinji ýarymynda ýagdaýlar has dartgynly bolup biler, şonuň üçin dynç almak üçin wagty öňünden goýmak peýdaly bolar. Käbir dowamly saglyk meseleleri özüni ýatladyp biler.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
