Ukrainaly Aleksandr Usik agyr agramda Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Halkara boks federasiýasynyň (IBF) we Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA “super”) ugurlary boýunça dünýä çempiony guşaklaryny gorady. Müsürdäki Gizanyň piramidalarynyň ýanynda geçirilen 12 raundlyk tutluşykda ol niderlandlaryň wekili kikboksçy Riko Werhuweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňmegi başardy.
Bu tutluşyk köp sanly janköýerleriň garaşanyndan has dartgynly we çynlakaý göreşde geçdi. Çaklamalara garamazdan, Werhuwen bäsdeşlik ukybyny ýokary derejede görkezdi we wagtyň agramly böleginde garşydaşyna garşylyk görkezdi. Niderlandly boksçy özüniň boýy we agram artykmaçlygyndan peýdalanyp, ýokary depginde öne tarap ymtyldy. Usik bolsa garşylykly hüjümlerde hüşgär goransa-da, ýöne garşydaşynyň bu işjeňligine ilkibaşda döz gelmekde kynçylyk çekdi.
Uigiň ussatlygy diňe soňky raundlarda öz sözüni aýdyp başlady. Ol 10-njy raundda doly artykmaçlyk bilen ýeňiş gazandy, 11-nji raundda bolsa Werhuweni nokdauna iberdi. Werhuwen boksa dowam etdirdi, emma ukrainaly boksçynyň yzly-yzyna uran zarbalaryndan soň, emin niderlandlynyň hüjümlere jogap berip bilmejekdigine göz ýetirip, tutluşygy saklady. Tutluşyk 11-nji raundynyň tamamlanmagyna bir sekunt galanda bes edildi.
Boks tutuluşygy saklanan pursadyna çenli eminleriň ikisi deňme-deň utuk goýupdy (95:95, 95:95), üçünji emin bolsa artykmaçlygy Werhuwene beripdi (96:94).
Ukrainaly boksçy 6 gezek bu guşaklaryny goramagy başardy.
37 ýaşly Werhuwen dünýäniň iň güýçli kikboksçylarynyň biri hasaplanýar, onuň hasabynda jemi 66 ýeňiş (21-si nokaut bilen) bar.
Niderlandlaryň «Panorama» neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu tutluşyk üçin Usik 100 million dollar, Werhuwen bolsa 15 million dollar baýrak alar.
