DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary Buharada duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherine iş saparynyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy geçirildi.

Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda işjeň ösdürilýän döwletara gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýul aýynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran taryhy saparynyň iki ýurduň arasyndaky parlamentara we döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä çykmagynda we gazanylan ylalaşyklaryň sebitde energetika we ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.

Türkmen tarapy iki ýurduň halklaryny gadymyýetden gelýän taryhy kökleriň, medeni we ruhy umumylyklaryň baglanyşdyrýandygyny, häzirki wagtda özara hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan bu gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini we täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky giň möçberli, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde iki döwletiň halkara hukuk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyna uly orun degişlidigi bellenildi. Bu gatnaşyklar bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygy has-da pugtalandyrmaga, döwletara gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga ýardam berýändigi barada nygtaldy. Şeýle hem geljekde parlamentara dostluk toparlarynyň  çäklerinde tejribe alyşmak we kanun çykaryjylyk işinde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň şu  ýyl  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmak we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça geçiriljek halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Uganda Türkmenistanyň nebitgaz tejribesi bilen gyzyklanýar

Türkmenistanyň wekiliýeti “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar

Azerbaýjanyň wekiliýeti Aşgabatda GDA-nyň Demir ýol ulaglary geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmen-türk işewürlik gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Si Szinpin we Donald Tramp duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen Gazagystana bardy