2026-njy ýylyň 12–14-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň “BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili B.Rejepowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Maltanyň Sent Julians şäherinde geçirilýän “BMG–Syýahatçylyk” guramasynyň Ýewropa boýunça Komissiýasynyň 72-nji mejlisine gatnaşýar.
“BMG – Syýahatçylyk” guramasynyň sekretariaty hem-de Maltanyň Hökümeti tarapyndan bilelikde guralýan maslahata Komissiýanyň agza döwletleri, şeýle hem halkara guramalaryň we degişli düzümleriň wekilleri gatnaşýarlar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda gatnaşyjylar syýahatçylyk ulgamynda ählumumy garaýyşlar we sebit çemeleşmeleri, guramanyň işi, Ýewropa boýunça 2025–2026-njy ýyllar üçin iş maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, şeýle hem guramanyň agzalary bilen özara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Mundan başga-da, 2027-nji ýyl-Durnukly we ýaşaýşa ukyply syýahatçylygyň halkara ýylyna taýýarlyk görmek, halkara syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de häzirki wagtda dünýä syýahatçylyk pudagynyň ýüzbe-ýüz bolýan häzirki zaman wehimleri aýratyn üns merkezinde boldy.
Türkmenistan halkara jemgyýetçiliginiň işjeň gatnaşyjysy hökmünde, BMG-niň Bütindünýa syýahatçylyk guramasynyň sekretariaty bilen ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Özboluşly tebigy gözelliklere, baý medeni-taryhy mirasa, döwrebap binagärlige we innowasion tehnologiýalara eýe bolan Türkmenistan milli syýahatçylyk pudagyny ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli işleri alyp barýar.
