Ugandanyň «Milli garşylyk hereketi» (NRM) partiýasy Türkmenistanyň tebigy gaz çykarmak baradaky baý tejribesini peýdalanmak boýunça strategik maksatlaryny mälim etdi. Bu karar Ugandanyň dolandyryjy partiýasynyň ýolbaşçylary bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekiliýetiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça yglan edildi.
Kampalada NRM-iň baş sekretary Riçard Todwongyň we türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Ata Serdarowyň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşyk, iki döwletiň arasyndaky syýasy we ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädim boldy.
NRM-iň daşary aragatnaşyklar boýunça direktory Pollar Wiçiň aýtmagyna görä, duşuşyk iki partiýanyň arasyndaky syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirildi.
Wiç türkmen wekiliýetiniň saparynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Häzirki wagtda özüniň nebit-gaz düzümini işjeň ösdürýän Uganda, Türkmenistanyň iri möçberli önümçilik we halkara energetika logistikasy baradaky köpýyllyk tejribesine öz ösüşi üçin gymmatly nusga hökmünde garaýar.
«Gaz ulgamynda tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmegimiz zerur, sebäbi Ugandanyň hem nebit-gaz serişdeleri bar. Uganda energetika pudagynda Türkmenistandan öwrenip biljek köp zady bar» — diýip, Wiç belledi.
Geçirilen gepleşikleriň iki partiýanyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekmek arkaly has ýakyn hyzmatdaşlyk üçin binýat boljakdygyna garaşylýar. Wiçiň pikiriçe, wekiliýetiň sapary NRM-iň barha artýan halkara abraýyny we partiýanyň dünýädäki syýasy düzümler bilen aragatnaşygynyň giňelýändigini görkezýär.
«Bu türkmen wekiliýetiniň Uganda ilkinji saparydyr we olar NRM bilen berk gatnaşyklary gurmaga gyzyklanma bildirdiler. Biz hyzmatdaşlygymyzyň ösmegine ýardam etjek syýasy geňeşmeleri dowam etdireris» — diýip, ol belläp gedi
Türkmenistan üçin bu ädim Gündogar Afrikada diplomatik we ykdysady täsiriniň giňelýändigini aňladýar. Uganda üçin bolsa bu hyzmatdaşlyk, öz energetika serişdelerini dünýä bazaryna çykarmak üçin zerur bolan tehniki bilimleri almaga mümkinçilik berýär.
NRM-iň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleriniň arasyndaky duşuşyk, iki ýurduň arasyndaky umumy diplomatik işjeňligiň ýokarlanýan pursadynda geçirilýär. Iki ýurduň resmi adamlarynyň arasynda ýakynda geçirilen gepleşikler söwda, bilim, syýahatçylyk, energetika we medeniýet ýaly dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn «ýol kartasyny» kesgitläpdi.
