Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan döwlet sapary bilen Gazagystana bardy. Paýtagtyň howa menzilinde belent mertebeli myhmany Döwlet baştutany Kasym-Žomart Tokaýew garşylady. Türkiýäniň Prezidentiniň uçary Gazagystanyň döwlet serhedinden geçip, Astana howa menziline gonýança, oňa Gazagystan Respublikasynyň Howa goranyş güýçleriniň söweşiji uçarlary ýoldaşlyk etdi.
Howa menzilinde hormat garawuly düzüldi. Rejep Taýyp Ärdogany we resmi wekiliýetiň agzalaryny elinde baýdakly çagalar garşyladylar. Olar iki dilde: «Ata ýurda hoş geldiňiz!» diýen sözleri joşgunly beýan etdiler.
Soňra uçuş zolagynyň ýokarsyndan Türkiýäniň we Gazagystanyň baýdaklaryny göterýän dikuçarlar uçup geçdi.
Howa menziliniň terminalynda bolsa ýigrimi sany ýaş sazanda türk Lideri üçin «Gara dombra» sazyny ýerine ýetirdi.

Gazagystanyň Prezidentiniň «Akorda» köşgüniň metbugat gullugynyň beren maglumatyna görä, Ärdogan bilen Tokaýew geçiriljek gepleşikleriň dowamynda «giňeldilen strategik hyzmatdaşlyk» derejesine ýeten ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha bererler.
Liderler şeýle-de Gazagystan-Türkiýe ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň 6-njy mejlisine başlyklyk ederler.
Ärdogan we Tokaýew 15-nji maýda Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçiriljek Türki Döwletleriniň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitinde ýene-de duşuşarlar.
Resmi maglumatlara görä, Gazagystanda türk maýasy bilen işleýän 4 müňe golaý kompaniýa hereket edýär.
Saparyň çäklerinde türk maýadarlarynyň gatnaşmagynda täze söwda ylalaşyklaryna gol çekilmegine hem garaşylýar.
Häzirki wagtda 12 müňden gowrak gazak talyby Türkiýede ýokary bilim alýar, geçen okuw ýylynda bolsa ýene-de 300 gazak talyby «Türkiýe talyp haky» (Türkiye Bursları) maksatnamasyndan peýdalanmaga hukuk gazandy.
Geçen ýyl Türkiýä baran gazak syýahatçylarynyň sany 863 müňe ýeten bolsa, şol döwürde Gazagystana gelen türk syýahatçylarynyň sany 130 müň hökmünde hasaba alyndy.
Gazagystanyň hökümeti syýahatçylyk we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Türkiýe raýatlarynyň ýurtda wizasyz galmak möhletini 30 günden 90 güne çenli uzaldypdy.
