SPORT

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde

2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde Kanadanyň Wankuwer şäherinde FIFA-nyň 76-njy kongresi geçirildi. Bu ähmiýetli forumda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň (TFF) wekilleri hem gatnaşdy. Türkmen wekilleri FIFA-nyň ýolbaşçylary we beýleki milli federasiýalar bilen duşuşup, çagalar futboluny ösdürmek we infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

FIFA-nyň täze tälimçilik we seljeriş programmalary öwrenildi. Bu bolsa milli ýygyndylaryň we klublaryň taýýarlyk derejesini halkara standartlara laýyk getirmäge ýardam berer. Komgressde aýallar futboluny goldamak we 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň guramaçylygy baradaky möhüm meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem Aziýa yklymynyň futbolunyň geljegini kesgitleýän 28-nji aprelde AFK-nyň 34-nji kongresinde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Forumyň dowamynda yklym futbolunyň ösüş strategiýasyna we täze halkara taslamalara garaldy. AFK-nyň tehniki ösüş taslamalarynyň çäginde Türkmenistanyň futbolunda iki sany ileri tutulýan ugur bellenildi.

Sanly seleksiýa: Ýaş zehinleri ýüze çykarmak işini sanly ulgama geçirmek. “Grassroots” programmasy: Köpçülikleýin futboly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda giňden ornaşdyrmak.

Bu kongres Türkmenistanyň Aziýa futbol maşgalasynyň abraýly agzasydygyny ýene bir gezek tassyklady.

Related posts

Aşraf Hakimi indi “Inter” toparynda

Ata Watan Eserleri

Gilýermo Abaskal şertnamasynyň möhletini uzaltdy

“Al-Hilal” topary “Mançester Sitini” ýeňip, garaşylmadyk netije gazandy