SPORT

Er-Riýadda boks gijesi: Joşua Ngannuny ýeňdi

Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda boks gijesi geçirildi. Onda agyr agramda Entoni Joşua bilen Frensis Ngannu tutluşygy boldy.

Agyr agramky ozalky dünýä çempiony britan boksçy Entoni Joşua hem-de agyr agramda ozalky “UFC” çempiony kamerunly Frensis Ngannu tutluşygy iň möhüm wakalaryň biri bolddy. Bu tutluşykda britan boksçy 2-nji döwde ýeňiş gazandy.

Tutluşygyň birinji döwünde kamerunly türgeni güýçli urgulary bilen ýykmagy başaran britan boksçy ikinji döwde ýene-de garşydaşyny ýykmagy başardy. Kamerunly Frensis Ngannu tutluşygy dowam etdirmek isledi, ýöne eminler muňa rugsat bermedi.

Kamerunly Frensis Ngannu “UFC” garyşyk söweş sungaty ýaryşyndan gaýdandan soňra boks tutluşyklaryna başlady. Ol britan boksçy Entoni Joşuadan ozal, geçen ýylyň 28-nji oktýabrynda başga britan boksçy Taýson Fýuri bilen tutluşyga çykyp, ondan hem ýeňlipdi.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy