Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün  size  üstünlikler garaşýar, aýratyn-da howlukman hereket etseňiz. Işewür gepleşikleri we geljekki bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy yza süýşürmek has gowudyr  ýogsam düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy we öňki gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi mümkin. Eger siz öz hususy biznesiňizi ösdürmek bilen meşgullanýan bolsaňyz, şahsy we iş bähbitleriňizi garyşdyrmaň, ýogsam kyn ýagdaýa düşmek töwekgelçili  bar.Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen ujypsyz agzalalyklaryň bolmagy hem mümkin. Emma dörän meseleleri asuda ýagdaýda ara alyp maslahatlaşsaňyz, ylalaşyk gazanyp bilersiňiz.Agşam özüňize dynç almaga rugsat beriň  şonda dartgynlylygyň nähili aýrylýandygyny duýarsyňyz.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Näme bilen meşgullansaňyz hem, howlukmaň we ownuk jikme-jikliklere has köp üns bermäge çalyşyň. Bu aýratyn-da işde möhüm bolar. Iş sizden seresaplylygy talap eder we hut siziň ähli ownuk-uşak zatlary hasaba alyp bilmegiňiz, hatda ujypsyzja ýalňyşlyklary hem wagtynda görüp, düzedip bilmegiňiz üstünligiň açary bolar.Şeýle hem işewür gepleşiklerinde aýratyn seresap boluň: kimdir biriniň size bähbitsiz karary kabul etdirmäge synanyşmak ähtimallygy bar, şonuň üçin eger teklip sizde azajyk hem bolsa şübhe döredýän bolsa, ony kabul etmäge howlukmaň. Täze tanyşlaryňyzyň biriniň size basyş etmäge, öz erkini kabul etdirmäge synanyşmagy hem mümkin. Muňa wagtynda üns berip, garşylyk görkezmek möhümdir. Maliýe meseleleriňizde  hem seresaplylyk artykmaçlyk etmez.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Bu gün  öňden tanyş bolan işleriňize ünsüňizi jemlemek has gowudyr  olar bilen has çalt baş alyp çykarsyňyz. Emma ýagdaýlar täze bir işe başlamagy talap edýän bolsa, has tejribeli hyzmatdaşlaryň goldawyny öňünden alyp, muny hem edip bilersiňiz. Gerekli netijäni çalt gazanmak üçin siziň öz bilimleriňiz ýeterlik bolman biler. Ýöne ýanyňyzda maslahatlaşyp biljek adamyňyz bolar.Şeýle-de bolsa, . siz ýakynlaryňyzyň  goldawyny çalt alarsyňyz. Dostlar ýa-da uzakdan gelen garyndaşlar bilen duşuşyk örän oňat geçer.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Bu gün köp zat siziň özüňizi dürsäp bilmegiňize  bagly bolar. Öz güýjüňize bolan ynamyňyz saýasynda köne bäsdeşleriňizden üstün çykyp, işdäki ornuňyzy berkidip bilersiňiz. Şeýle-de, soňky wagtlar hem sizi hem-de ýakynlaryňyzy biynjalyk edip gelýän hojalyk meselelerini çözüp bilersiňiz.Şeýle hem işewür gatnaşyklar üçin bu  gün örän möhümdir  we   öňden ynamyňyzy gazanan adamlara bil baglamaga çalyşyň.Emma  täze tanyşlar hem erbet däl, ýöne olaryň size dogry düşünmezlikleri ýa-da  möhüm pursatda öz bähbitlerini öňe sürmeklikleri mümkin.Günüň ikinji ýarymynda  köp Seretanlarda  işde ileri tutulýan ugurlary dogry kesgitläp bilmek ukyby peýdaly bolar. Galanlar bolsa hemme zada ýetişjek bolup, netijede hiç zatsyz galmaklary mümkin.

 Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu gün durmuşyňyzda özgerişler etmek üçin amatly gün. Muny kiçijik ädimlerden başlap bilersiňiz. Ýakymly tanyşlyklaryň bolmagy hem mümkin. Hünär çärelerine gatnaşjak Esetler  täze hyzmatdaşlary däl, eýsem hakyky dostlary hem tapyp bilerler. Iş ýagdaýynda başlanan tanyşlygyň romantik dowamynyň bolmagy ähtimal. Bu ýerde hemme zat siziň özüňizi nähili alyp barjakdygyňyza bagly bolar.Günüň ikinji ýarymynda köne gatnaşyklary dikeltmek üçin hem bu gün örän amatlydyr. Hünär ýa-da maliýe meselelerinde kömek edip biljek adamlara özüňizi ýatladyň; özara bähbitli hyzmatdaşlyk barada ylalaşmaga pursat dörär.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Siziň üçin bu gün parahatçylygy we tertip-düzgüni saklamak örän möhümdir. Günüň dowamynda emele geljek ýagdaýlar sizden ünsli bolmagy we sabyrlylygy talap eder.Şeýle hem  iş ýeriňizde  täze we uly taslamalara başlamazdan ozal, öňki başlanan we çala galan işleriňizi tamamlamaga çalşyň. Siziň ownuk jikme-jikliklere bolan ünsüňiz şu gün uly ýalňyşlyklaryň öňüni almaga kömek eder. Maliýe meselelerinde uly çykdajylardan saklanyň, tygşytlylyk bu gün siziň iň gowy ýoldaşyňyz bolar. Eger täze bir teklip gelse, ony kabul etmezden ozal ähli tarapyny içgin öwrenmek gerek.Günüň ikinji ýarymynda  ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklarda düşünişmezlikleriň öňüni almak üçin has ýumşak bolmaga çalşyň. Kiçijik bellikler ýa-da tankytlar garaşylmadyk agzalalyga getirip biler. Söýgi meselesinde bolsa, ýanýoldaşyňyzyň ýa-da söýýän adamyňyzyň pikirlerine hormat goýuň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Köne işleriňizi tamamlaýançaňyz, täze işlere girişmäň.Şeýle hem   galmagallardan  gaça duruň we öňden düzen meýilnamalaryňyza eýermäge çalyşyň. Iş bilen bagly bolan ähli meselelerde ownuk jikme-jikliklere örän ünsli boluň, ähli detallary öwrenmek üçin özüňize ýeterlik wagt goýuň.Eger nähilidir bir jedelli meseleler ýüze çyksa ýa-da ikuçly ýagdaýlar dörese, kimdir biriniň pikirine bil baglaman  bolup geçýän zatlar barada öz garaýşyňyzy kemala getirmek möhümdir. Hatda elmydama bil baglamaga öwrenşen adamlaryňyz hem häzir ýalňyşyp, ýagdaýa nädogry baha berip ýa-da bir zatlary gözden düşürip bilerler. Köne işewür hyzmatdaşlaryňyz bilen gatnaşyklarda kynçylyklaryň döremegi, öňki agzalalyklaryň ýitileşmegi mümkin.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bu gün size özüňize bolan ynamyňyz we tutanýerliligiňiz kömek eder. Kyn ýagdaýlardan baş alyp çykmak üçin içki duýgularyňyza  Intuisiýaňyza  bil baglaň.Iş  ýeriňizde  täze mümkinçilikler döräp biler. Öz ukyplaryňyzy görkezmekden gorkmaň, ýöne şol bir wagtyň özünde töweregiňizdäki adamlaryň gybatlaryna ýa-da göripçiliklerine üns bermäň. Maliýe taýdan garaşylmadyk girdejileriň bolmagy ähtimal emma pullaryňyzy seresaply sowmak maslahat berilýär. Günüň ikinji ýarymynda  söýgi gatnaşyklarynda dartgynlylyk bolup biler, şonuň üçin ýanýoldaşyňyz bilen sabyrly gürleşmek möhümdir. Gahar bilen aýdylan sözler soňra ökünç getirip biler. Ýakynlaryňyza wagt bölüň, olar siziň goldawyňyza mätäç bolup bilerler. Dostlar bilen duşuşmak size täze güýç we ruhy dynçlyk berer.

Kowus (keman 23.11 — 21.12) 
   
Bu gün täze başlangyçlar we gyzykly açyşlar üçin ajaýyp pursatdyr. Siziň durmuşa bolan höwesiňiz we optimizmiňiz töweregiňizdäki adamlary özüne çeker.Işde özüňizi görkezmäge çekinmäň. Täze pikirleriňiz we teklipleriňiz ýolbaşçylar ýa-da hyzmatdaşlar tarapyndan gyzyklanma bilen kabul ediler. Eger uzak wagtdan bäri çözülmän gelýän meseleleriňiz bar bolsa, bu gün olary çözmegiň iň amatly wagtydyr. Maliýe taýdan ýagdaýyňyz durnukly bolar, ýöne gymmat bahaly zatlary satyn almazdan ozal oýlanyşykly hereket ediň.Emma  syýahat ýa-da bilim almak bilen bagly çykdajylar geljekde özüni öder.Günüň ikinji ýarymynda şahsy durmuşyňyzda ýakymly garaşylmadyk pursatlara taýyn boluň. Täze tanyşlyklar uzak möhletleýin we möhüm gatnaşyklara öwrülip biler. Mähribanlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçirmäge çalşyň  bilelikde edilen kiçiräk gezelenç ýa-da täze bir hünär bilen meşgullanmak gatnaşyklaryňyzy has-da berkider. Söýgi meselelerinde bolsa açyklyk size peýda getirer.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Bu gün size professional derejede örän netijeli gün garaşýar. Siz kyn meseleleriň  amatly çözgüdini tapmagy başararsyňyz. Täze işewürlik gatnaşyklaryny gurmak ýa-da möhüm resminamalar bilen meşgullanmak üçin amatly wagt. Maliýe meselelerinde seresaplylygy elden bermäň  maýa goýumlary    ýa-da uly söwdalar barada karar kabul etmezden ozal ähli töwekgelçilikleri hasaplaň. Siziň jogapkärçiligiňiz ýolbaşçylaryňyzyň ünsüni çeker.Maşgalada we şahsy durmuşyňyzda durnuklylyk höküm sürer. Ýakynlaryňyz siziň maslahatlaryňyza we goldawyňyza mätäç bolup bilerler. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, duýgularyňyzy amaly işler we üns-alada arkaly görkezmäge çalşy bu sözlerden has täsirli bolar.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Adaty bolmadyk çözgütler we döredijilikli çemeleşmeler size garaşylmadyk üstünlikleri getirer.

 Iş ýeriňizde  täze pikirleri öňe sürmekden çekinmäň. Siziň üýtgeşik garaýyşlaryňyz hatda iň çylşyrymly meseleleriň hem aňsat çözülmegine sebäp bolar. Topar bolup işlemek we pikir alyşmak bu gün örän netijeli bolar. Maliýe taýdan garaşylmadyk kiçiräk girdejiler ýa-da amatly täze söwdalar bolup biler. Emma pul bilen bagly meselelerde aşa risk etmezlige we meýilnamadan çykmazlyga çalşyň.Günüň ikinji ýarymynda dostlaryňyz we tanyşlaryňyz bilen wagtyňyzy gyzykly geçirersiňiz. Täze we gyzykly adamlar bilen tanyşmak ähtimallygyňyz ýokary. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa, ýanýoldaşyňyza has köp sypaýyçylyk we mähir görkeziň. Gatnaşyklarda emele gelen kiçijik düşünişmezlikleri  aňsatlyk bilen aradan aýryp bilersiňiz. Siziň durmuşyňyza bolan täzeçe garaýşyňyz töweregiňizdakiler üçin ylham çeşmesi bolar.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Aýratynam möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we işewür gatnaşyklar gurmaga ökde bolarsyňyz. Gepleşikler şertnamalar baglaşmak we çylşyrymly meseleleri çözmek üçin amatly gün. Köp  Hutlara ýeke däl-de toparda işlemek maslahat berilýär. Kärdeşler bilen özara düşünişmek adatdakysyndan has aňsat bolar şonuň üçin köp zat etmäge wagtyňyz bolar.Hutlaryň  köpüsine agşamy köne tanyşlaryň ýanynda geçirmegi maslahat berilýär. Möhüm temalary şol sanda iş temalaryny ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz. Peýdaly maslahat alyp bilersiňiz ýa-da köpden bäri çözülmedik meselä täzeçe seredip bilersiňiz.