JEMGYÝET

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

Kontent döredijiler we maglumat ulgamynyň hünärmenleri 2026-njy ýylyň 29-njy aprelinden 6-njy maýyna çenli Aşgabatda, Bouygues Turkmen kompaniýasynyň Carbon okuw merkezinde geçirilen okuw maslahatlar tapgyryna gatnaşdylar.

Her bir okuw maslahaty takmynan 30 gatnaşyjyny – kontent döredijileri, media hünärmenlerini, mugallymlary we talyplary – jemledi. Olar döredijilik pikirlerini ösdürmäge, hünär derejesini ýokarlandyrmaga we ösýän maglumat giňişliginde häzirki zaman sanly gurallaryň jogapkärli ulanylyşyny ilerletmäge gyzyklanma bildirdiler.

Okuw maslahatlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin CARAVAN taslamasynyň çäklerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň goldawy bilen guraldy. Taslamanyň Merkezi Aziýadaky esasy maksatlarynyň arasynda hünär ösüşini goldamak, media we maglumat sowatlylygyny berkitmek hem-de kontent döretmegiň jogapkärli usullaryny öňe sürmek bar.

 

Okuwlaryň dowamynda wizual we hekaýa görnüşindäki beýan (storytelling), kontent döretmegiň we öndürmegiň etik taraplary, materiallary netijeli meýilleşdirmek we ýaýratmak, şeýle hem döredijilik we redaksiýa işlerinde emeli aň ýaly häzirki zaman sanly gurallary ulanmak ýaly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Maksatnama hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky çykyşlary amaly maşklar we interaktiw çekişmeler bilen utgaşdyrdy.

Okuw maslahatlar Gazagystandan gelen tejribeli sebitleýin hünärmenler tarapyndan geçirildi.

 

“Döwrebap hünär başarnyklarynyň ösdürilmegini goldamak – bu adam mümkinçiliklerine goýulýan maýa goýumdyr. Kontent döretmäge jogapkärli çemeleşme häzirki wagtda çalt üýtgeýän maglumat gurşawynda ynamy, hili we uzak möhletleýin gymmaty döretmäge ýardam berýär,” diýip, Maçeý Madaliński, ÝB-nyň Türkmenistandaky Wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary, açylyş çykyşynda belledi.

Täze bilimleri we başarnyklary gazanmak bilen birlikde, okuw maslahatlar dürli ugurlardan gelen gatnaşyjylar üçin özara aragatnaşyk gurmak we tejribe alyşmak üçin mümkinçilik döretdi. Adalatly we durnukly media gurşawyny döretmek maksady bilen, gatnaşyjylar hakykatçyllygyň, takyklygyň, jogapkärçiligiň we döredijilik aýratynlygynyň möhümdigini nygtadylar.

Media sowatlylygy boýunça okuw çäreleriniň üsti bilen, Ýewropa Bileleşigi dezinformasiýa we FIMI-e (daşary ýurt maglumat manipulýasiýasy we gatyşmasy) garşy durnuklylygy berkitmegi hem-de durnukly media ekoulgamlaryny ösdürmegi goldaýar, şeýlelik bilen hünärli, jogapkärli we etik media jemgyýetiniň ösüşine goşant goşýar.

Ýene-de okaň

Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabaraly konsert geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda migrasiýa boýunça halkara foruma gatnaşýar

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar

Türkmenistanda täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler