JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda migrasiýa boýunça halkara foruma gatnaşýar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Migrasiýa meselelerine syn bermek boýunça ikinji halkara Forumy öz işine başlady.
Forumyň işine Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşýar.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygynyň howandarlygynda geçirilýän bu forum howpsuz, düzgünleşdirilen we kanuny migrasiýa baradaky Ählumumy ylalaşygyň ýerine ýetirilişine hemmetaraplaýyn baha bermäge bagyşlanandyr. Bu halkara forum migrasiýany dünýä ykdysadyýetiniň we durmuş ösüşiniň möhüm faktory hökmünde ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirýär.
Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň bu halkara maslahata gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa bilen bagly meselelere jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň hem-de ynsanperwerlik syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Forum öz işini 8-nji maýa çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän CARAVAN taslamasy: Türkmenistanda kontent döredijileri goldamak

UEFA Çempionlar Ligasy: “Arsenal” finalda “PSŽ” bilen duşuşar

Türkmenistanda täze prokurorlar wezipä bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi

Türkmen atşynaslary atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşmak üçin Özbegistana gitdiler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Yerevan Dialogue 2026» halkara forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri