BIZNES

Türkmenistanyň telekeçileri “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň telekeçiler wekiliýeti “SelectUSA” maýa goýum sammitine gatnaşmak üçin resmi sapar bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bolýar. Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen bilelikde, wekiliýet ösen tehnologiýalar we önümçilik boýunça hünärmenler tarapyndan geçirilýän maslahatlaryna gatnaşýar. Bu sammite Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Esen Aýdogdyýew hem gatnaşdy.

Esasy maksat – hyzmatdaşlygy giňeltmek, täze maýa goýumlaryny çekmek hem-de Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdyr.

Türkmen wekiliýeti öňdebaryjy tehnologiýalar we önümçilik boýunça bilermenleriň ýolbaşçylygyndaky sessiýalara gatnaşýar. Ol hem hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, täze maýa goýumlaryny höweslendirmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Related posts

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda ylalaşygy baglaşylar

Ata Watan Eserleri

Yrak Türkmenistandan tebigy gaz satyn almaga gyzyklanma bildirýär