BIZNES

Birža täzelikleri: owgan telekeçileri dizel ýangyjyny satyn aldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek önümleriň dürli görnüşleri, nah ýüplük, nah we jins matalar, buýan köki ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 27 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy.

Related posts

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

“Ak şäherim Aşgabat” halkara maýa goýum we tehnologiýa gepleşiklerini giňelder

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

Leave a Comment