BIZNES

“Çalik Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda iri elektrik stansiýasyny gurar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, ugurdaş düzümi mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şu maksatlar bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde guruljak kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň düýbüni tutmaga, şeýle hem ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energetika ulgamyny kemala getirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan Mary-Ahal asma elektrik geçirijisini ulanmaga bermäge taýýarlyk görülýär.

Kuwwaty 1574 megawatta deň bolan täze elektrik stansiýasy ýurdumyzda ikinji uly gaz we bug dolanyşygynda işlejek elektrik desgasydyr. Berkarar Watanymyzda şeýle döwrebap elektrik stansiýasynyň gurulmagy diňe bir özümizi ygtybarly berk elektrik energiýasy bilen üpjün etmän, eýsem, şol babatda alyp barýan diwersifikasiýa özgertmelerimiz bilen goňşy ýurtlara, sebite, gerek bolsa, beýleki ýurtlara hem ibermäge taýýardygymyzy ýene-de bir gezek görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde täze, döwrebap elektrik stansiýasyny gurmak hakynda Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gol çekilen resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy gurar.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň noýabr aýynda başlamak we desgany 2027-nji ýylyň maý aýynda ulanmaga doly taýýar edip bermek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi geçiriler

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar