JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ekologiýa ýagdaýy we şähergurluşyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda ýokary halkara güwänamalaryna mynasyp bolan Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi. 

Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda täze şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Gahryman Arkadagymyz metjidiň çäginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy. Muzeý gymmatlyklary halkymyzyň nesillerden-nesillere geçirilip gelinýän däpleri häzirki günde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Halkymyzyň şöhratly ýoluny görkezýän ebedilikler bu muzeýde öz beýanyny tapar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol bu ýerde il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, bu barada özüniň nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Gahryman Arkadagymyz bu mesele boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine ýüzlenseňiz maksadalaýyk bolar diýip belledi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynda 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlary gurulýar

Arkadag şäheriniň wekiliýeti Azerbaýjanda geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar