Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi.
Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunda okgunly ösýän Türkmenistan bilen giň gerimli gatnaşyklary ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Seýşeller Respublikasynyň Prezidenti Patrik Ermininiň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Seýşeller Respublikasynyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de myhmanyň bu saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyna ünsi çekip, ýangyç-energetika toplumyny, himiýa we dokma senagatyny, oba hojalygyny geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezdi. Hormatly Prezidentimiz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, seýşeller tarapyny ýurdumyzda geçirilýän sergilere we halkara maslahatlara işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
Ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, hususan-da, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan ýene bir mesele boldy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda tejribe alyşmak hem-de geljekde syýahatçylygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça seýşeller tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady.
