Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Gün üstünlikli geçer we ep-esli hünär üstünliklerini gazanmaga mümkinçilik bolar. Siz dürli-dürli adamlar bilen dil tapyşyp hakyky isleglerini we gizlin niýetlerini ýarym sözden düşünip bilersiňiz. Bu häsiýet möhüm meseleleri çözmekde siziň esasy gurallaryňyz bolar we işleriňizde ep-esli öňe gitmegiňize kömek eder. Mysal üçin, gepleşiklerde ýa-da maslahatlarda siz kärdeşleriňize we hyzmatdaşlaryňyza öz dogrulygyňyza ynandyrmak üçin gerekli delillerib tapyp bilersiňiz. Şeýle hem öň kyn görünýän meseleleriňiziň hem hötdesinden gelip bilersiňiz.Günüň ikinji ýarymynda Hamallara şahsy durmuşynda möhüm wakalara garaşylýar.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Gün iş gatnaşyklary we aragatnaşyk üçin örän amatly bolar. Siz öň çynlakaý düşünişmezlikler bolan adamlar bilen hem aragatnaşyk gurup bilersiňiz. Bu döwür ähli öýke-kineleri geçmişde galdyryp, umumy maksatlaryňyza ýetmek üçin güýçleri birleşdirmek örän amatlydyr. Mysal üçin öň täze taslamalarda iş paýlaşygy boýunça ylalaşmak kyn bolan bolsa, bu gün hemmäniň göwnünden turjak çözgüdi aňsat bilen taparsyňyz.Şahsy gatnaşyklarda oňyn täsirler agdyklyk eder, ýakynlaryňyz bilen doly düşünişmek mümkin bolar. Siz mähir-muhabbetiň artandygyny duýarsyňyz we ýakynlaryňyzy begendirmek islärsiňiz. Täze tanyşlyklara açyk bolan Sowurlar açyk aragatnaşyklary arkaly ünsi özüne çekerler. Söýgüli adamlary bilen bolanlar gatnaşygy berkitmek mümkinçiligine eýe bolar. Şeýle hem öň jedel döreden meseleleri ara alyp maslahatlaşyp, ylalaşygyna gelip bilersiňiz.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Köp işlerde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Siz güýç we energiýanyň artandygyny duýarsyňyz, bu bolsa iň çylşyrymly meseleleriň hem üstesinden gelmäge kömek eder. Tutanýerlilik üstünlikleriň esasy kepili bolar: ýolunuzda garaşylmadyk päsgelçilikler ýüze çyksa-da, siz niýetiňizden ýüz öwürmersiňiz we ähli kynçylyklary ýeňip geçmegiň ýoluny taparsyňyz.Günüň ikinji ýarymynda täze gyzykly pikirler peýda bolar. Siz hökman ygtybarly hyzmatdaşlaryňyza öwrüljek adamlara duşarsyňyz we olar size batyrgaý meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmekde size kömek eder.Şeýle hem garaşylmadyk iş saparyna gitmek zerurlygy ýüze çykyp biler. Bu sapar diňe iş taýdan peýda getirmek bilen çäklenmän, eýsem geljekde peýdaly hyzmatdaşlyga öwrülip biljek täze tanyşlyklary hem getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Iş ulgamynda üýtgeşmeler bolup biler. Günüň başynda sizden has ýokary derejede seresaplylyk we öňünden pikirlenmek talap edilýär. Siz howlukmaga meýilli bolarsyňyz, şonuň netijesinde hasaplamalarda ýalňyşlyklar ýa-da resminamalarda kemçilikler ýüze çykyp biler. Soň puşman etmezlik üçin howlukmaç kararlar kabul etmezlige we pursatyň täsiri bilen hereket etmezlige çalyşyň.Emma günortadan soň oňyn täsirler güýçlener we ýagdaý siziň peýdaňyza üýtgär.Şeýle hem hakykatdan gyzykly mümkinçilikler açylar. Siz geljekde uly girdeji we maliýe durnuklylygyny üpjün etjek uly taslama goşulyp bilersiňiz. Şeýle hem siziň pikirleriňizi goldajak adamlar bilen tanyşmak mümkinçiligi bolar.Şahsy gatnaşyklarda hem üýtgeşmeler bolup biler. Ýakynlaryňyza ünsli boluň, kyn ýagdaýda bolanlary goldamaga çalyşyň. Günüň ikinji ýarymynda howlukmazlyk has gowy bolar, ähli zatlary bir wagtyň özünde edip ýetişmäge synanyşmaň. Käbir Seretanlar bolsa işlerini bir gyra goýup dynç almak maslahat berilýär.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Günüň başynda dartgynly ýagdaýlar bolup biler. Sizden sabyrlylyk we arkaýynlygy saklamak talap edilýär. Bu wagt size adamlar bilen dil tapyşmak kyn bolar, bu ýagdaý diňe kärdeşlere däl, eýsem iň ýakyn adamlaryňyza hem degişli bolar.Şeýle hem öňki düşünişmezlikler garaşylmadyk ýagdaýda ýene ýüze çykyp biler.Işde garaşylmadyk gijikmeler bolup biler, öňki ylalaşyklar bozulyp biler. Emma alada etmäň, sebäbi ýüze çykan ähli meseleleri çalt çözmek üçin ajaýyp mümkinçilikler bolar. Siziň ýerlikli pikirlenmegiňiz we paýhaslylygyňyz günüň ortasyna çenli ähli işleri tertibe salmaga kömek eder.
Günüň ikinji ýarymynda ýagdaý gowy tarapa üýtgär. Pul serişdeleri gelip biler we olar örän ýerlikli bolar. Siz paýhasly hereket edip peýdaly maýa goýumlaryny edip ýa-da zerur zatlary satyn alyp bilersiňiz. Şeýle hem bu döwür peýdaly duşuşyklara baý bolar. Siz täze adamlar bilen duşarsyňyz, olaryň tejribesi we bilimleri size öňki meseleleriňize başgaça seretmäge kömek eder.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Gün gyzykly wakalar bilen begendirer, emma şol bir wagtyň özünde ýokary derejede üns we çynlakaý çemeleşme talap ediler. Hünär taýdan üstünlikler, siziň ýagdaýlara hakyky seredip bilmegiňize gönüden-göni bagly bolar. Şeýle hem üstünlik öz-özünden gelmez, zerur netijeleri gazanmak üçin sizden hakykatdanam güýçli zähmet talap ediler.Näçe ir işe girişseňiz, şonça-da çalt öz işleriňiziň miwesini görersiňiz. Mysal üçin, eger-de siz kärdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaly bolsaňyz, muny günüň birinji ýarymynda etmäge çalyşyň, sebäbi şol wagt siziň öndürijiligiňiz iň ýokary derejede bolar. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen kiçi düşünişmezlikler bolup biler. Siz döräp gelýän dartgynlygy duýup bilersiňiz we öz paýhasyňyz bilen ýagdaýy çalt kadalaşdyrarsyňyz. Agşam bolsa size köp sanly ýakymly pursatlary getirer. Şeýle hem siz uzak wagt bäri garaşýan gowy habarlaryňyzy almak mümkinçiligiňiz bar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Gün size köp garaşylmadyk ýagdaýlary getirer. Eger-de käbir zatlar meýilnama boýunça gitmese geň galmaň. Sebäbi işjeň hereketleriň wagty gelýär we esasy ünsüňizi hünär işlerine gönükdirmeli bolarsyňyz. Siz ýagdaýlara görä çeýe bolmaly we niýetleriňizi çalt üýtgedip bilmelisiňiz. Esasy zat özüňize bolan ynamy ýitirmän. Günüň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklaryňyzda gün oňyn bolar. Siz halaýan adamlaryňyzda güýçli täsir galdyryp bilersiňiz. Mysal üçin, söýgüli adamyňyzy öýüňize çagyrmak ýa-da rahat ýerde duşuşmak size özüňizi doly açmaga we iň gowy taraplaryňyzy görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem köne dostlaryň ýa-da tanyşlaryň garaşylmadyk saparlary hem bolup biler.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu gün meýilnama düzmek geljek barada pikirlenmek we täze maksatlary goýmak üçin örän amatlydyr. Siz iş duşuşyklaryny geçirmek we geljekki taslamalary kärdeşler ýa-da hyzmatdaşlar bilen ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.Täze meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmezden öň, siz ähli zatlary içgin oýlap we ähli “oňyn” we “ters” taraplaryny ölçärsiňiz. Şeýle seresaply çemeleşme size käbir pikirleriň aslynda başda görünişi ýaly gowy däldigini wagtynda duýmaga kömek eder. Günüň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz bilen wagyt geçirmek maslahat berilýär.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Bu gün ýeňil bolmasa-da sabyrlylyk size üstünlik gazanmaga kömek eder. Hünär taýdan kiçi meseleler ýüze çykyp biler, olar siziň ünsüňizi talap eder. Möhüm zat howlukmazlykdyr. Mysal üçin möhüm taslama kärdeşleriň ýa-da daşarky ýagdaýlaryň täsiri bilen saklansa ýagdaýy güýç bilen çözmäge synanyşmaň we konfliktlere girmäň wagtlaýyn başga işlere üns beriň. Şeýle ýagdaý size artykmaç tolgunyşdan gaça durmaga we güýjüňizi has möhüm zatlar üçin saklamaga kömek eder.Maliýe meselelerinde hem seresap boluň uly söwdalary yza süýşürip, häzirki çykdajylary seljermäge we býujeti meýilleşdirmäge üns beriň.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Üstünlik gazanmak mümkin, emma munuň üçin hökman zähmet çekmeli bolarsyňyz. Siz özüňiziň iň gowy häsiýetleriňizi görkezip, çylşyrymly meseleleri öz üstüňize almaga we goşmaça jogapkärçiligi kabul etmäge gorkmarsyňyz. Şeýle hem başga işgärleriň ýerine olaryň borçlaryny ýerine ýetirmeli ýa-da olaryň goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmeli bolmagyňyz mümkin. Siziň edýän zähmetiňiz we kyn ýagdaýda kömek etmäge taýýarlygyňyz ýolbaşçylar we hyzmatdaşlar tarapyndan hökman sylaglanar.Günüň ikinji ýarymynda söýgi gatnaşyklarynda asudalyk we özara hormat sazlaşygyň esasy bolar. Ýoldaşyňyzyň duýgularyna biraz köp üns beriň bu size kiçi düşünişmezliklerden gaça durmaga we ynamy berkitmäge kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Gün iş ulgamynda gyzykly mümkinçilikleri açar olardan peýdalanmaga çalyşyň. Iş teklipleri hem gelip biler. Şeýle hem käbir Daluwlaryň topar içindäki ornuny ep-esli güýçlener we täze pikirdeşleri taparlar.Günüň ikinji ýarymynda siz öň başlan işleriňizi arkaýyn tamamlap bilersiňiz.
Şahsy gatnaşyklarda ýakymly durnuklylyk döwri başlar. Eger-de siz eýýäm uzak wagt bäri söýgüli adamyňyz bilen bile bolsaňyz, agşam size ýyly pursatlary we ýürekden goldawy sowgat eder. Ýakynlaryňyz sizi begendirmek islär. Şeýle hem täze tanyşlyklar bolup biler. Arkaýynlyk we özüňize bolan ynam sizi beýlekileri özüne çekiji eder dostlaryň arasynda geçirilen wagt bolsa köp oňyn duýgular getirer. Bu döwür bar bolan gatnaşyklary berkitmek üçin amatlydyr.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Siz içerki asudalygy saklap bilseňiz we pursatlaýyn duýgularyň täsirine düşmeseňiz, işde üstünlik gazanyp bilersiňiz. Hünär taýdan ýagdaý oňyn bolar emma siz düzgünlere we däp-dessurlara berk eýermeli bolarsyňyz. Kärdeşler ýa-da ýolbaşçylar bilen ýiti jedellere girmezlige çalyşyň, sebäbi artykmaç pikir siziň işiňize päsgel berip biler. Bu günki esasy wezipäňiz öz borçlaryňyzy arkaýyn we yzygiderli ýerine ýetirmekdir, başgalary geň galdyrmaga synanyşmaň. Şeýle çemeleşme size abraýyňyzy berkitmäge we gereksiz kynçylyklardan gaça durmaga kömek eder.Maliýe meselelerinde aýratyn seresap boluň. Uly mukdarda pul sarp etmezden öň tejribeli adamlaryň maslahatyny alyň. Söýgi gatnaşyklarynda dartgynly ýagdaýlar bolup biler, emma siz muny wagtynda duýup, ýagdaýy parahatçylykly ýola gönükdirip bilersiňiz. Sabrlylyk we başga pikirleri hormatlamak köp kynçylyklaryň öňüni alar.
Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401
Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55
E: Mail : makulhyzmat@gmail.com
