PEÝDALY MASLAHAT

Türkmenistanda 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň temmäki önümlerini ulanmagy üçin ene-atalara jerime salnar

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Tükrmenistanyň Kanunyna gol çekildi. Resminama laýyklykda, bu kanun 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda güýje girýär. 

Şoňa laýyklykda, şeýle bellenilýär:

«6. On alty ýaşa ýetmedik ýetginjekler tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy —

ata-enelerine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara binýatlyk mukdaryň birisinden ikisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

40) 369-njy maddada:

ikinji bölegiň sanksiýasynda «birisinden ikisine» diýen sözleri «ikisinden üçüsine» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölegiň sanksiýasynda «duýduryş berilmegine ýa-da» diýen sözleri aýyrmaly, «0,5 bölegine çenli möçberde» diýen sözleri «birisi möçberinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölegiň sanksiýasynda «birisine» we «ikisine çenli möçberde» diýen sözleri degişlilikde «ikisi» we «üçüsi möçberinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

41) 370-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

Ýene-de okaň

Türkmenistanda möhleti tamamlanan sürüjilik şahadatnamasy üçin jerimeler artdyryldy

«Türkmenpoçta» kompaniýasynyň täze binasy üçin bäsleşik yglan edildi

Aşgabat-Türkmenabat täze awtobus gatnawy ýokary tizlikli awtoýol arkaly amala aşyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy hünärmenleri işe çagyrýar

Ata Watan Eserleri

Nowruz ýaýlasyna awtobus gatnawlary guralar

Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy üçin iş orunlary yglan edildi