JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: “Galkynyş” gaz käniniň IV tapgyrynda 1041 sany täze iş orny dörär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine badalga bermek dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we Din Sýuesýan dabara mynasybetli guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide her ýylda harytlyk gazyň 10 milliard kub metrini öndürmäge niýetlenen zawodyň şekil taslamasy görkezilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Din Sýuesýan dabara mynasybetli ýörite gurnalan mejlisler zalyna bardylar. Ilki bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.

2009-njy ýylda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzy has-da berkiden taryhy wakalaryň biri boldy. Indi 17 ýyla golaý wagt bäri bu gaz geçiriji arkaly eksport edilýän türkmen mawy ýangyjy dostlukly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge uly goşant goşýar.

“Biz «Galkynyş» gaz känini toplumlaýyn özleşdirmäge 2009-njy ýylyň dekabrynda girişdik. 2013-nji ýylda biz Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy hormatly jenap Si Szinpiniň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlamak boýunça zawodlar toplumyny dabaraly açyp ulanmaga berdik. Şu gün bolsa biz «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň we şol möçberdäki gazy çykarmaga niýetlenen guýularyň gurluşygyna badalga berýäris. Bu işler «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy esasynda, baş potratçy bolup çykyş edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy tarapyndan ýerine ýetiriler” diýip, Milli Liderimiz belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu taryhy taslamany durmuşa geçirmegiň barşynda gaz guýularynyň gurluşygyndan başlap, gaz ýygnaýjy, gaz arassalaýjy we gazy gaýtadan işleýän desgalaryň, gaz geçirijileriň, daşky eltiji ulgamlaryň, ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy amala aşyryljakdygyny, taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen, 1 müň 41 sany täze iş orny dörediljekdigini, täze guruljak desgalar mawy ýangyjyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Milli Liderimiziň ak pata bermegi esasynda buraw desgasy işe başlady.

Soňra ýaş nesliň wekilleri Gahryman Arkadagymyzdan we Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýandan täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasynyň ýadygärlik sene ýazgysyny galdyryp bermegi haýyş etdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we hytaý wekiliýetiniň ýolbaşçysy bilelikde desganyň düýbüni tutmak üçin taýýarlanan ýere bardylar. Bu ýerde milli lybasly çagalar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyndan we hormatly myhmandan desganyň düýbüni tutup bermeklerini haýyş etdiler.

Gahryman Arkadagymyz we hormatly myhman ýadygärlik sene ýazgysy salnan gutyny dabaraly ýagdaýda düýbi tutulýan desganyň binýadyna okladylar hem-de ilkinji beton garyndysyny guýup, gurluşyga badalga berdiler.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli toý sadakasy berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Russiýa» daşary işler ministrleriniň 9-njy duşuşygyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň wise-premýeri: “Galkynyş” gaz käni türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Hytaý emeli aň hyzmatdaşlygy boýunça ähtnama gol çekdi

Din Sýuesýan: Hytaý Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrar

Türkmen halkynyň Milli Lideri “Galkynyş” gaz käniniň 4-nji tapgyryna badalga berdi

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy