JEMGYÝET

Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Öň habar berşimiz ýaly, türkmen garyşyk söweş sungaty boýunça türgen Döwletjan Ýagşymyradow (26-8-1) 16-njy aprelde “Professional Fighters League” guramasynyň Belfast şäherinde geçirilen ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedro (10-5) bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen söweşde ildeşimiz Döwletjan ýeňiş gazandy.

PFL-niň orta agram derejesindäki häzirki çempiony amerikaly Kori Anderson (20-6, 1 NC) bolup, ol 2025-nji ýylyň oktýabrynda Dubaýda geçirilen titul söweşinde Ýagşymyradowy eminleriň çözgüdi bilen ýeňipdi.

Türkmen türgeni dürli ýyllarda ACB we ACA guramalarynyň çempiony boldy. Şeýle hem ol 2024-nji ýylda PFL-niň ýarym agyr agram derejesinde geçirilen Gran-pri ýaryşynyň ýeňijisi boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy