Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, netijeli ýagdaýda geçen pikir alyşmalaryň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň şu sapary syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge güýçli itergi berjek möhüm ädim hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem duşuşykda häzirki döwrüň ählumumy wezipeleriniň öňünde islendik gapma-garşylyklaryň diňe syýasy-diplomatik usullar arkaly çözülmeginiň zerurdygy bellenildi.
Awstriýanyň 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzasyna Türkmenistanyň dalaşgärligini işjeň goldaýandygy, özara ynanyşmagyň ýokary derejesine şaýatlyk edýändigi nygtaldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna aýratyn üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidentini özi üçin amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Awstriýanyň Prezidenti çakylyk üçin hoşallyk bildirip, awstriýa-türkmen gatnaşyklarynyň häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, iki dostlukly halkyň bähbidine netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi.
