JEMGYÝET

Taryhy pursat: ABŞ-Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň ilkinji duşuşygy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýdeniň başlangyjy bilen “Merkezi Aziýa-ABŞ” döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammiti geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Şeýle hem sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Ilkinji gezek gecirilýän bu duşuşygyň gün tertibine Merkezi Aziýa sebitiniň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, ykdysadyýet, energetika we howpsuzlyk ugurlarynda “С5+1” hyzmadaşlygyny ösdürmekden ybarat.

Duşuşygyň barşynda strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek, syýasy dialogy berkitmek, söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şeýle hem Ýewraziýadaky parahatçylygy we durnuklylygy saklamak meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şeýle hem ykdysady hyzmatdaşlyga üns berlip, Amerikanyň kompaniýalarynyň gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, gaýtadan işlenilýän senagat we beýleki ugurlardaky taslamalara gatnaşmak mümkinçilikleri ara anyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, duşuşykda howpsuzlyk, kiberhowpsuzlyk we beýleki wehimlere garşy göreş alyp barmak boýunça pikir alşyldy.

Duşuşykda çykyş eden ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden işewürlik meýdançasyny döredýändiklerini belläp, hususy pudagyň wekilleriniň ýurtlaryň arasyndaky ösüşe goşant goşmagyny göz öňünde tutýandyklaryny belledi.

Şeýle hem Baýden USAID-iň oktýabr aýynda Merkezi Aziýada ministrler maslahatyny geçirmegi meýilleşdirýändigini belläp, şonda durnukly ykdysady ösüş üçin anyk ugurlaryň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny mälim etdi.

“С5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmi 2015-nji ýylda döredildi we ykdysadyýet, ekologiýa we howpsuzlyk ugurlarynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. 

Ýene-de okaň

Döwletjan Ýagşymyradow 31-nji iýulda nobatdaky tutluşygyna çykar

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan soňra Türkmenistana geler

Türkmen ýaşlary üçin Hytaýa okuwa kabul edişlik başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri