Türki döwletleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklar diňe bir syýasy we ykdysady ulgamlarda däl, eýsem ýaşyl meýdançalarda-da öz miwesini berip başlady. Antalýada Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň parlamentarileriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara futbol ýaryşyndan soňra, bu çäräniň guramaçylarynyň biri bolan Artur Ýangibaýew neşirimize ýörite beýanat berdi.
Bu futbol ýaryşynyň esasy maksady Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde doganlyk we dostluk gatnaşyklarymyzy has-da berkitmekden ybaratdyr. Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan we Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň parlamentarileriniň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, agzybirligimiziň we jebisligimiziň subutnamasydyr.”
Final duşuşygyna Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministri hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ýaşlar we sport ministri gatnaşyp, çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdylar.
Final duşuşygynda Türkiýäniň parlamentarileri Azerbaýjan toparyny 3-1 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ýeňijisi boldular.
