TEHNOLOGIÝA

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlara elýeterlilik çäklendiriler

Ermenistanda 16 ýaşdan kiçi çagalaryň sosial torlara girişine çäklendirme girizmek meselesi seredilýär. Bu barada Ermenistanyň Bilim, ylym, medeniýet we sport ministrliginiň umumy bilim bölüminiň ýolbaşçysy Tamara Sargsyan geçirilen brifingde aýtdy.

Onuň bellemegine görä, bu mesele Bilim ministrligi tarapyndan Zähmet we durmuş işler ministrligi hem-de Ýokary tehnologiýalar senagaty ministrligi bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylýar.

Ministrligiň wekili çagalaryň sanly howpsuzlygynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi. Döwlet sanly giňişlikde çagalary goramak üçin ýeterlik gurallaryň we hukuk kadalarynyň bardygyna ynamly bolmalydyr.

“Ähli esasy mümkinçilikleri, töwekgelçilikleri we meseleleri ýüze çykarmak üçin barlag geçirilýär. Diňe doly maglumat alnan ýagdaýynda haýsy sazlamalaryň zerurdygyna we olary nädip takyk hem maksada laýyk ulanmalydygyna düşünip bolar. Şeýle hem, haýsy web sahypalarynyň petiklenjekdigini kesgitläp bileris”, — diýip, Tamara Sargsyan aýtdy.

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi