JEMGYÝET

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Russiýanyň “Ozon” marketpleýsi Türkmenistanyň bazarynda işläp başlady. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy TASS agentligine habar berdi.

Habarda “Ozon Türkmenistanda söwdalary açdy” diýlip bellenilýär.

Harytlaryň eltilmegi birinji tapgyrda takmynan 10 gün dowam eder. Alyjylar sargytlaryny “Türkmenpoçta” poçta operatorynyň bölümlerinden alyp bilerler diýip, “Ozon”-yň wekilleri aýtdy.

“Ozon” internet söwda platformasy  2021-nji ýyldan bäri GDA ýurtlarynda öz söwdasyny ösdürýär. Kompaniýanyň eýýäm Belarusda, Ermenistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Gruziýada logistika düzümi bar.

Türkmenistan kompaniýanyň öz marketpleýsini ösdürýän Russiýadan daşardaky sekizinji ýurdy boldy.

Related posts

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin pagtaçylyk gadaganlygy hukuk taydan has berkidilidi

Ata Watan Eserleri

Perzentlerine ulaglaryň adyny dakdylar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistan, İran’da 9 Madalya Kazandı

vepa