JEMGYÝET

Türkmenistanda 18 ýaşdan kiçi adamlar üçin pagtaçylyk gadaganlygy hukuk taydan has berkidilidi

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň karary bilen, “Pagta ýygymçy” we “Pagtaçy” hünärleri 18 ýaşdan kiçi raýatlaryň işlemegi gadagan edilen zyýanly we howply hünärleriň sanawyna goşuldy.

Ministrligiň 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda çykaran 105-iş belgili buýrugy, 2018-nji ýylda kabul edilen we on sekiz ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän hünärleriň sanawyny öz içine alýan düzgünnama esasynda girizildi. Bu täze karar bilen, ýaş işçileriň zähmet hukuklaryny goramak we iş şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen pagtaçylykda işlemek boýunça gadaganlyk kanunçylyk taýdan berkidildi.

Bu düzgünnama 2024-nji ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web sahypasynda çap edildi we resmi taýdan güýje girdi.

Resmi taýdan tassyklanan täze düzgünler:

🔹 Ministrligiň 2018-nji ýyldaky kararyna goşmaça girizildi.
🔹 On sekiz ýaşdan kiçi adamlar üçin zyýanly we howply hünärleriň sanawyna girizildi.
🔹 Ministrligiň degişli orunbasary düzgünleriň ýerine ýetirilişine gözegçilik eder.

Atavatan Mediada öň hem habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň çäginde zähmet kanunçylygy boýunça reformalar yzygiderli dowam etdirilýär. Bu karar bilen, 18 ýaşdan kiçi raýatlaryň pagtaçylyk işlerinde zähmet çekmeginiň kanuny taýdan çäklendirilmegi has-da berkidildi. Türkmenistanyň hökümeti bu karar bilen ýaş işçileriň saglygyny we hukuklaryny goramak babatda halkara kadalara laýyk hereket edýändigini görkezýär.

Ýene-de okaň

«Ak şäherim Aşgabat-2026»:Türkmenistan daşary ýurtly kompaniýalar bilen resminamalar toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ukrainanyň DIM-niň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Si Szinpine gynanç hatyny iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rustam Minnihanowa 2 sany alabaý sowgat iberdi

Ata Watan Eserleri

Donald Tramp Türkmenistanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Türkmenistanda 27-28-29-njy maýda Gurban baýramy bellener