Belgiýanyň CULeuven uniwersitetinde Türkmenistanyň Ilçisiniň, meşhur bloger we poliglot Ýuji Belezanyň, şeýle hem Merkezi Aziýa boýunça barlagçy Derýa Soýsalyň gatnaşmagynda Türkmenistana bagyşlanan leksiýa boldy.
Ilçi öz çykyşynda talyplara Türkmenistanyň garaşsyz döwlet hökmünde kemala geliş ýoly barada gürrüň berip, 1991-nji ýylda garaşsyzlyk alanyndan soň, ýurduň öňünde duran esasy wezipäniň “halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly we jogapkärli subýekti hökmünde kemala gelmekden” ybarat bolandygyny belledi. Ol Türkmenistanyň özbaşdak ösüş ýoluny ykjam saýlap alyp, täsir ediş zolagyna öwrülmän, eýsem bitaraplyk, deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda öz daşary syýasatyny gurýandygyny nygtady.
Milli özboluşlylygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Ilçi döwletiň kemala gelmeginde esasy elementleriň biriniň türkmen dili bolandygyny, onuň diňe bir döwlet dili bolman, eýsem jemgyýetiň medeni agzybirliginiň binýadyna öwrülendigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan, ol diliň pikirlenmegiň kemala gelmegine, gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçirilmegine we taryhy ýadyň saklanmagyna ýardam edýän «milletiň sesi» bolup durýandygyny belledi.
Çykyşyň çäklerinde şeýle hem ýylyň şygary bolan — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen mowzugyň manysy düşündirildi. Ilçi ahalteke bedewiniň şekiliniň güýji, durnuklylygy we maksadaokgunlylygy alamatlandyrýandygyny hem-de ýurduň hut şu ýörelge bilen öz ösüşini dowam etdirýändigini belledi.
Talyplara Türkmenistanyň baý medeni mirasyny, tebigy dürlüligini we durmuş-ykdysady ösüşde gazanan üstünliklerini açyp görkezýän wideofilm görkezildi. Bu bolsa diňleýjilere häzirki zaman Türkmenistany barada has giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berdi.

Ýuji Beleza öz çykyşynda poliglot we kontent-kreator hökmünde kemala geliş taryhy bilen paýlaşdy. Ol dilleri öwrenmek boýunça tejribesi barada gürrüň berip, adama öz ene dilinde ýüzlenmegiň ynam we özara düşünişmek gurşawyny döredýändigini nygtady. Onuň çykyşy talyplarda uly gyzyklanma döretdi we dilleriň medeniýetara gatnaşyklardaky iş ýüzündäki ähmiýetini görkezdi.
Derýa Soýsal Merkezi Aziýa sebitine seljermeler bilen garap, bu sebitiň halkara gün tertibinde barha artýan ornuny hem-de akademiki we ekspert gepleşiklerini çuňlaşdyrmagyň ähmiýetini belledi.
Çäre özboluşly interaktiw ýagdaýda geçip, sowal-jogap bölümi bilen utgaşdy. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň hemişe parahatçylykly gepleşikleriň tarapdarydygyny, halkara meseleleriniň çylşyrymlylygyna garamazdan, hemişe diplomatik çözgütler üçin giňişligiň bardygyna ynanýandygyny nygtady.
Leksiýanyň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen milli tagamlary hödürlendi. Bu bolsa myhmanlara milli däp-dessurlar bilen ýakyndan tanyşmaga we ýurt baradaky umumy täsirlerini has-da baýlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar şular ýaly duşuşyklaryň diňe bir akademiki leksiýa bolman, eýsem janly aragatnaşygyň, pikir alyşmagyň we özara düşünişmegiň meýdançasyna öwrülýändigini bellediler. Hut şu hili açyk gepleşikler arkaly täze gatnaşyklar gurulýar, medeniýete bolan gyzyklanma artýar we Türkmenistan bilen Ýewropanyň ýaş nesilleriniň arasynda geljekki hyzmatdaşlyk üçin binýat döredilýär.
