DÜNÝÄ

Amerikada Green Kart boýunça täzelik bar: DV-2027 yglan edilermi?

ABŞ-nyň Döwlet departamenti 2026-njy ýylyň 11-nji martynda Federal Register-da çap eden täze düzgünnamasy bilen 2027-nji ýylyňGreen kart wiza maksatnamasy (DV-2027), boýunça möhüm üýtgeşmeleri yglan etdi. Täze düzgün 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girýär.

Täze düzgünlere görä, DV maksatnamasyna gatnaşmak isleýän dalaşgärler mundan beýläk möhleti gutarmadyk hakyky pasportynyň maglumatlaryny görkezmeli we pasportyň biometrik hem-de gol goýlan sahypasynyň sanly nusgasyny elektron arza bilen birlikde ýüklemeli bolarlar.

Döwlet departamenti bu çäräniň maksatnamanyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak we galplyga garşy göreşi güýçlendirmek maksady bilen girizilendigini belleýär. Resmi maglumatlara görä, diňe DV-2025 möwsüminde 2,5 milliondan gowrak galp ýa-da gaýtalanýan arza ýüze çykarylypdyr.

Şeýle-de täze düzgünlere laýyklykda, DV maksatnamasyna gatnaşmak üçin 1 ABŞ dollary möçberinde elektron hasaba alyş tölegi girizilýär. Bu töleg ähli dalaşgärlerden ýygnalar we ýeňillik göz öňünde tutulmaýar. Bellemeli zat, 1 dollarlyk töleg baradaky düzgün ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda yglan edilipdi.

DV-2027 boýunça resmi arza kabul ediş senesi häzirlikçe yglan edilmedi. Mälim bolşy ýaly, Green Kart boýunça arzalar adatça her ýylyň oktýabr–noýabr aýlarynda kabul edilýär we netijeler indiki ýylyň maý aýynda yglan edilýärdi. 2027-nji ýyl üçin arzalar 2025-nji ýylyň oktýabrynda başlamalydy, emma şu güne çenli resmi yglan edilmedi.

2026-njy ýylyň mart aýynda kabul edilen täze düzgünleriň DV-2027-den başlap ulanyljakdygy aýdylýar. Indi şeýle sorag ýüze çykýar: Eýsem 2027-nji ýyl üçin ýakynda arza kabul edişlik başlanarmy? Bu barada häzirlikçe anyk maglumat ýok.

Täze düzgün 2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde güýje girýändigi sebäpli, şol seneden soň DV-2027 boýunça goşmaça maglumatlaryň peýda bolmagyna garaşylýar.

Şonuň üçin ABŞ-nyň resmi edaralarynyň maglumatlaryny yzygiderli yzarlamak möhümdir. Biz Ata Watan Media hökmünde bu ugurdaky täzelikleri dowamly yzarlaýarys we täze maglumatlar ýüze çykan badyna atavatan-turkmenistan.com sahypamyzda paýlaşarys.

Bellemeli zat, eger Green Kart yglan edilse, diňe özüňiz ýüz tutuň we bu boýunça haýsyda bolsa üçünji bir tarapyň teklibinden gaça duruň.

 

Resminamalaryň tejrimesi üçin Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Bellemeli zat, Makul Hyzmat Terjime Merkezi ne Green Kart, ne wiza ýa-da işe ugratmak ýaly ugurlarda hyzmat bermeýär, Diňe resminamalaryň terjimesi boýunça hyzmat berýär,

 

“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Stambul şäheriniň häkimi bilen duşuşygy

Sergeý Lebedew Türkmenistanyň ilçisine täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Halkara kofe gününi döretdi

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Azerbaýjan Prezidentiň tabşyrygy esasynda Eýrana ynsanperwer kömegini iberdi

Belgiýanyň döwlet ministri Şarl Mişel bilen Türkmenistanyň Ilçihanasyndaky duşuşyk