JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň täze saýlanan Beýik liderini gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri Aýatolla Seýed Mojtab Hossein Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Habar berlişine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri bu mümkinçiliklerden peýdalanyp, Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik liderine berk jan saglyk, şeýle hem eýranyň halkynyň parahatçylygyna hem-de gülläp ösüşine gönükdirilen ähli bşlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Täsin, ýöne peýdaly aksiýa

vepa

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi