JEMGYÝET

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirildi. Şu resminamanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralara, kärhanalara we guramalara üpjün etmek bellenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň ýokary derejede bellenilip geçiljekdigini belledi. Şonuň üçin döwlet Baştutanymyz 8-nji martyndaky dynç güni 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek hakynda degişli resminama gol çekdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz kümüş şaçly enelerimizi hem-de ähli gelin-gyzlarymyzy ýetip gelen Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

 

Related posts

Türkmenistanda täze döredilen etraplara täze häkimler bellendi

Kazak Büyükelçi, Türkmen Lideri’ne güven mektubunu sundu

vepa

Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

Dr.Döwran Orazgylyjov